Ï Döredijilik bäsleşikleriniň maksady ýaşlarda ekologik medeniýeti kemala getirmekdir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döredijilik bäsleşikleriniň maksady ýaşlarda ekologik medeniýeti kemala getirmekdir

view-icon 1805
Döredijilik bäsleşikleriniň maksady ýaşlarda ekologik medeniýeti kemala getirmekdir

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda ýaş nesliň ekologik medeniýetini ösdürmäge we döredijilikli zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga gönükdirilen çäreler geçirildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýerli geňeşi, welaýatyň Baş bilim we medeniýet müdirlikleri Türkmen Oba hojalyk institutynyň «ÝUNESKO» kluby bilen bilelikde orta mekdepleriň okuwçylarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Daşky gurşawy goramak durnukly ösüşiň möhüm ýörelgesidir» atly surat bäsleşigini, şeýle hem «Daşky gurşaw goragy» atly sergi geçirdi.

Çäräni guranlar «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony durmuşa geçirmek boýunça meýilnamadan ugur almak bilen, dogduk mekanyň tebigatyny goramak mowzugyna döredijilikli düşünmek arkaly ýaşlaryň tebigat goragy baradaky bilimlerini ýokarlandyrmagy maksat edinýärler. Bäsleşigiň emin agzalary ýeňijileri tabşyrylan işlere mazmuny we çeper bezegi, reňk sazlaşygy we özboluşlylygy esasynda baha bermek arkaly kesgitlediler. Ýeňijilere Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýerli geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

«Tebigaty söýmek Watany söýmekdir» şygary astynda geçirilen başga bir surat bäsleşigi bolsa ýakynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi – ylym, wagyz-nesihat, ekologiýa barada aň-bilim işlerini alyp barýan jemgyýetçilik birleşikleriniň biri tarapyndan guraldy. Bäsleşigiň esasy maksady ýaşlarda ekologik medeniýeti kemala getirmek, şekillendiriş sungaty serişdeleri arkaly Türkmenistanyň dürli tebigatynyň gözelligini has aýdyň görkezmäge ukyply ýaş zehinleri ýüze çykarmakdyr.

Bu çäre Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 14-nji orta mekdebiň 5–11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirildi. Bäsleşige köp okuwçy gyzyklanma bildirdi, olaryň her biri daşky gurşawyň gaýtalanmajak gözelligini özüçe suratlandyrdy we ony goramagyň möhümligini beýan etdi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça görkezilen mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Roza Jumanyýazowa, 6-njy synp okuwçysy Sabrina Abdyllaýewa we 9-njy synp okuwçysy Ybraýym Janmyradow dagy, degişlilikde, 1-nji, 2-nji, 3-nji orny eýelediler. Ýeňijiler Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.