Ï Dünýä gözelliginiň kämil röwüşleri»: suratkeş Kämil Weliahmedowyň sergisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dünýä gözelliginiň kämil röwüşleri»: suratkeş Kämil Weliahmedowyň sergisi

view-icon 1684
Dünýä gözelliginiň kämil röwüşleri»: suratkeş Kämil Weliahmedowyň sergisi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy şekillendiriş sungatynyň muşdaklaryny türkmen tebigatynyň täsin künjeklerine bagyşlanan suratlar sergisi bilen begendirdi. Bu gezek «Dünýä gözelliginiň kämil röwüşleri» sergisiniň awtory Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri tanymal suratkeş Kämil Weliahmedow boldy.

Suratkeş müdimi täzelenýän türkmen tebigatynyň ýürekleri joşdurýan gözelliginiň aşygy. Kämil Weliahmedowyň döredijiliginiň muşdaklary ony tebigatyň gözelliklerini şekillendirmegiň ussady hökmünde tanaýarlar. Elli ýyl bäri dowam edýän döredijiligi netijesinde dörän žiwopis suratlary, etýudlary we käwagt dogduk türkmen tebigaty temasynda kamera wariasiýalary, suratkeşiň plener žiwopisine ussatlarça çemeleşýändigine şaýatlyk edýär.

Sungaty öwreniş kafedrasynyň müdiri Aýjan Kadyrowanyň belleýşi ýaly, hemişe üýtgeýän tebigat dünýäsi, reňkleriň sazlaşygy we baýlygy, şeýle hem daş-töweregiň gözelliginden döreýän üýtgeşik duýgular Kämil Weliahmedowy dünýä plener žiwopisiniň kämil röwüşlerini açan bir wagtky fransuz impressionistleri ýaly täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar.

Sergide suratkeşiň 130-dan gowrak eseri görkezilýär. Olaryň arasynda tebigatyň tämiz howasy we nury duýlup duran manzarlar, asyl nusgasyndan alnan natýurmortlar we etýudlar, suratkeşiň dostlarynyň we tanyşlarynyň portretleri bar. Portret žanrynda çekilen suratlaryň arasynda Kämil Weliahmedowyň halypasy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedowyň portreti, şeýle hem tanymal multiplikator Möjek Çaryýewiň we beýlekileriň portreti bar.

Kiçeňräk bolsa-da yhlas siňdirilip çekilen işlerde nakgaşyň impressionistik ugra ýykgyn edýändigi göze ilýär. Kämil Weliahmedow üçin portretiň şol adama takyk meňzeşligi hökmany zat däl. Ol gahryman edil şol pursatdaky ýagdaýyny şekillendirmegi niýet edinýär. «O.Öwezow» portreti muňa anyk mysal bolup biler, onda suratkeş dostunyň dertden saplanyp, aýaga galýan döwrüni takyk beýan edýär.

Kämil Weliahmedowyň «Dünýä gözelliginiň kämil röwüşleri» sergisi myhmanlary «Bagyr», «Baharyň bir güni», «Jadylaýjy bag» ýaly Köpetdagyň etegindäki gül-pürçege bürenen daragtlar kompozisiýalary, şeýle hem «Abstraksiýa», «Müň bir gije» we beýleki suratlaryndaky reňk öwüşginleri we reňkleriň ýeňil sazlaşygy bilen tanyşdyrýar. Suratkeş «Bahar» ady bilen manzarlaryň ençemesini sergä hödürledi. Olaryň arasynda Sumbar derýasynyň jülgesi ajaýyp dag gözelligini şekillendirýän «Hür-hüri şaglawugy», «Nohur», «Jülge» ýaly işleri tapawutlanýar.

«Güýz», «Gurtly», «Amyderýa», «Köýten», «Gurtly köli», «Hazar», «Saba-säher täsiri» suratlaryndaky daň we agşam şapaklarynyň hakyky şekilinde tebigat reňkleriniň ajap sazlaşygy açylyp görkezilýär. Kämil Weliahmedowyň işleri nakgaşyň daş-töweregiň baýlygyna çäksiz söýgüsiniň mysalydyr.