Ï Ahal welaýatynda «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy» atly kitap sergisi guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahal welaýatynda «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy» atly kitap sergisi guraldy

view-icon 1774
Ahal welaýatynda «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy» atly kitap sergisi guraldy

Ahal welaýatynyň kitaphanasynda Gündogaryň akyldar şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy» atly kitap sergisi guraldy.

Sergide goýlan neşirler bilen tanyşmaga gelen okyjylara ýurdumyzda beýik şahyryň döredijilik mirasyny wagyz etmek we ylmy taýdan öwrenmek ugrunda alnyp barylýan uly işler barada gürrüň berilýär. Bu iş «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem milli, hem halkara derejesinde has giň gerime eýe boldy. Magtymguly Pyragynyň öçmejek şahyrana sözi we ynsanperwer pikirleri häzirki wagtda bütin dünýäde ýaňlanmak bilen, türkmen halkynyň görnükli oglunyň şöhratyny has-da beýgeldýär.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenmegi onuň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynyň bir bölegi bolan baý edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir.