Ï Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

view-icon 2675
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda 2024-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş almak, hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleri geçirilýär. Bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary, bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglary hem-de beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ilaty ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatda öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam etdirilýär. Pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň pileçi kärendeçileri tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda, hususan-da, gowaça we bugdaý ekilen meýdanlarda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny, ýakyn wagtda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gowaça ekişi geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ideg işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary netijeli peýdalanylyp, doly güýjünde işledilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary möwsüme taýýar etmek üçin degişli işler ýerine ýetirilýär. Sebitiň ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada-da hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça hem-de bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişi guramaçylykly alnyp barylýar we bu işi bellenen möhletde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Gögeriş alnan meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. 2024-nji ýylda welaýatda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda degişli ideg işleri geçirilýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary we beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda bejergi, suw tutmak işleri ýerine ýetirilýär.

Sebitde pile möwsümi hem dowam edýär. Häzirki wagtda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar.

Şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigini, ony üstünlikli geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady we gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli alnyp barylmagyny, ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde bolsa hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsüminiň guramaçylygyny üpjün etmek üçin däne ýygýan kombaýnlary, ýygnalan hasyly daşamakda ulanyljak awtoulaglary taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri, ýetişdirilen soganyň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär. Sebitde ýüpek gurçugyna ideg etmek, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we gowaça, bugdaý ekilen meýdanlardaky degişli ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda ekilip gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri geçirilýär. Hatarara bejergi işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary netijeli peýdalanylyp, doly güýjünde işledilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Däne ýygýan kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary we galla kabul ediş kärhanalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri bilen bir hatarda, ýetişdirilen güýzlük soganyň hasylyny ýygnap almak, ony ilata ýetirmek boýunça degişli işler utgaşykly dowam edýär. Sebitde ýüpek gurçugyna ideg etmek, pile hasylyny ýygnamak işleri hem alnyp barylýar.

Häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada-da hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça we bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla oragynda işledilmegi meýilleşdirilýän galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary we bugdaý ýygýan kombaýnlary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Ýurdumyzda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de güýzlük ekinleriň hasylyny ýygnamak işleri dowam etdirilýär. Pile möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, häzirki wagtda ýüpek gurçugyna ideg etmek, Lebap we Mary welaýatlarynda ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak işleri alnyp barylýar.

Hasabatyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy ýetip gelýän 9-njy maý — Ýeňiş güni bilen ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak barada öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we ýurdumyzyň gowaça hem-de bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ýene-de bir gezek ünsi çekip, bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur taýýarlyk işleriniň ýerine ýetirilmegini tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda başga-da birnäçe möhüm meselelere garalyp, hormatly Prezidentimiz olar boýunça degişli çözgütleri kabul etdi we birnäçe resminamalara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.