Ï ÝTÖB zenan telekeçiler üçin okuwlary guraýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝTÖB zenan telekeçiler üçin okuwlary guraýar

view-icon 1653
ÝTÖB zenan telekeçiler üçin okuwlary guraýar

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky telekeçiligi ösdürmäge we korporatiw dolandyryşy gowulandyrmaga gönükdirilen zenan telekeçileri «Telekeçilikden kärhana çenli» okuwyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu okuw «Işewür zenanlar» tapgyrynyň bir bölegi bolup, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Okuwlar 2024-nji ýylyň 3-5-nji iýuny aralygynda iki tapgyrda geçiriler. 2024-nji ýylyň 6-7-nji iýunynda toparyň tälimçilik sapaklary guralar. Okuwlaryň geçiriljek ýeri: Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasy. Bu okuw işiňizi indiki derejä çykarmak üçin zerur bilimleri we amaly gurallary üpjün etmegi maksat edinýär.

Okuwlara gatnaşmak üçin 2024-nji ýylyň 13-nji maýyna çenli aşakdaky salga baglanyp, zerur resminamalary doldurmaly. Maglumatlar öwrenileninden soň, mümkinçilik alan gatnaşyjylaryň hemmesi onlaýn söhbetdeşlige çagyrylar. Okuwlardan soň sekiz kompaniýa öz kärhanasynda toparlaýyn tälimçilik sapaklaryny geçmäge mümkinçilik alar.

Okuwy 20 ýyldan gowrak tejribesi bolan halkara sertifikatly dolandyryş geňeşçisi Marina Pogosýan alyp barar. Ol kiçi telekeçilik maslahat beriş maksatnamasy boýunça 2006-njy ýyldan bäri Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlyk edýär.