Ï Magtymguly Pyragynyň şygryýeti nusgawy sazyň gözelliginde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti nusgawy sazyň gözelliginde

view-icon 2077
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti nusgawy sazyň gözelliginde
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

«Watan» kinokonsert merkezinde «Kamerata Aşgabat» orkestri tarapyndan ýerine ýetirilen nusgawy saz muşdaklary üçin konsert uly üstünlik bilen geçdi. Türkmen estradasynda ýakynda peýda bolan bu saz topary turuwbaşdan diňleýjileriň söýgüsini gazandy. Munuň sebäbi toparyň sazandalarynyň eser saýlamagy başarýandyklary we ýerine ýetiriş ussatlygydyr.

Bu gezek sazandalar öz çykyşlaryny «Nusgawy gözellik» ady bilen ýerine ýetirdiler. Konsert Ýan Sibeliusyň sazy bilen açyldy. Şostakowiçiň 8-nji kwarteti-de ýerine ýetirildi, soňra bolsa «Nusgawy gözellige» Biržan Mynbaýewiň «Iligaý» gazak halk sazlarynyň wariasiýalary, şeýle hem azerbaýjanly kompozitor Wagif Mustafazadäniň «Mart» pýesasy, Aman Agajykowyň täzeden işlän «Durdy bagşy» pýesasy we azerbaýjanly kompozitor Gara Garaýewiň «Ýedi gözellik» baletinden Aýşanyň ajaýyp tansy goşuldy. Goňşy ýurtlar boýunça şunuň ýaly «gezelenç» ajaýyp gündogar sazlarynyň özboluşly reňk öwüşginine öwrüldi.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Ökdirowanyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Moşşyýewiň mahmal owazy konserte bezeg berdi. Olaryň ýerine ýetiren eserleriniň arasynda Glinkanyň «Torgaý» romansyndaky duet aýratyn ýatda galyjy boldy.

Tomaşaçylar üçin garaşylmadyk sowgatlaryň biri-de Baky Dolyýewiň Astor Pýassollonyň «Unutma» tangosyny akkordeonda ýerine ýetirmegi boldy. Bu çykyş tomaşaçylar üçinem, ilkinji gezek çykyş edýän artistiň özi üçinem ýakymlydy.

Ikinji garaşylmadyk sowgat Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň «Pyragy» eseriniň ilkinji gezek ýaňlanmasy boldy. Bahram Dolyýewiň skripkasynyň jadyly owazynda gar ýaly ak duman duýulýardy. Bu ak duman türkmen halkynyň söýgüsini hemme zatdan ýokary göteren Magtymguly Pyragynyň şygryýetidi. Kompozitor sahna çykyp, Bahram Dolyýewe täze eseriniň ajaýyp ýerine ýetirilişi üçin hoşallyk bildirdi we tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmasyna goşuldy.