Ï Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň Balkan welaýatynda geçiriljek tapgyryndan öň «Senagatbank» topary öňdeligi eýeledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň Balkan welaýatynda geçiriljek tapgyryndan öň «Senagatbank» topary öňdeligi eýeledi

view-icon 2403
Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň Balkan welaýatynda geçiriljek tapgyryndan öň «Senagatbank» topary öňdeligi eýeledi

«Senagatbank» topary 21-nji maýda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek tapgyryndan öň Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň ýeke-täk öňbaşçysy boldy.

Şeýle ýagdaý Aşgabat şäherinde geçirilen ilkinji dört tapgyryň netijelerinden soň emele geldi, duşuşyklar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport zalynda geçirildi.

Ilkinji üç duşuşykda Mergen Ataýewyň topary «Migrasiýa» topary – 2:1 hasabynda, «Turan» topary – 6:3 hasabynda, TNGIZT topary – 1:0 hasabynda ýeňdi, dördünji tapgyrda bolsa Türkmenistanyň häzirki dört gezek çempiony «Deňizçi» topary – 3:1 hasabynda ilkinji ýeňlişine sezewar etdi.

Bu duşuşykda esasy mesele birinji ýarymda çözüldi. 4-nji minutda Kirill Çaryýewiň tagallasy bilen «Deňizçi» topary 1:0 hasabynda öňe saýlandy. 6 minut geçen soň Mekan Haýtmuhammedow hasaby deňledi. Iki minutdan soň Röwşen Orazmuhammedow «Senagatbank» topary – 2:1 hasabynda öňe çykardy. 18-nji minutda Myrat Onjaýew hasaby 3:1-e ýetirdi.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda «Deňizçi» toparynyň hasaby üýtgetmek synanyşyklary hiç hili netije bermedi.

Şeýlelik bilen, dört tapgyrdan soň «Senagatbank» topary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň toparyny utup, iň köp utuk gazandy. «Deňizçi» topary öňbaşçydan 3 utuk yzda. Ýurdumyzyň wise-çempiony «Köpetdag» topary 4-nji tapgyrda «Migrasiýa» topardan 3:1 hasabynda üstün çykyp, 7 utuk bilen üçünji orny eýeleýär. Ýeňijilerden Kerwen Annaorazow (7-nji we 12-nji minutlarda) iki, Gurbangeldi Sähedow 37-nji minutda bir pökgi geçirdiler. Ýeňilenlerden Täçmämmet Dynnyýew (27-nji minutda) bir pökgi saldy. 

«Turan» bilen TNGIZT toparlarynyň arasyndaky 4-nji tapgyryň beýleki bir duşuşygynda hasap açylmady.

Alty futzal topary Türkmenistanyň çempionlygy ugrunda göreşýändigini ýatladýarys. Olaryň üçüsi – «Köpetdag», «Senagatbank» we «Migrasiýa» toparlary Aşgabada, ikisi – «Deňizçi» we Türkmenbaşynyň TNGIZT toparlary Balkan welaýatyna we «Turan» topary Daşoguz welaýatyna wekilçilik edýärler.

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň indiki üç tapgyry «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň sport toplumynda geçiriler.