Ï Waşingtonda Magtymguly Pyragynyň goşgularyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Waşingtonda Magtymguly Pyragynyň goşgularyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi

view-icon 2759
Waşingtonda Magtymguly Pyragynyň goşgularyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi

21-nji maýda ABŞ-nyň Waşington şäherinde ýerleşýän ABŞ-nyň Kongressiniň kitaphanasynda Türkmenistanyň ilçihanasynyň guramagynda ýurdumyzyň ylym, bilim, medeniýet edaralaryndan bolan döredijilik toparynyň hem-de Smitsonian institutynyň we beýleki ylmy edaralarynyň alymlarynyň, okyjylar köpçüliginiň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi.

Döredijilik agşamynyň çäklerinde halkymyzyň amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserlerini, milli lybaslary, şaý-sepleri, Magtymguly Pyragynyň eserleriniň golýazma nusgalaryny, türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň ABŞ-nyň Kongressiniň kitaphanasynda saklanylýan kitaplaryny özünde jemleýän sergi guraldy. 

Döredijilik agşamynda türkmen we amerikan alymlarynyň Magtymguly Pyragynyň tutuş adamzat ähmiýetli döredijiligi baradaky çykyşlary diňlenildi. Bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň goşgulary islendik okyjynyň ünsüni özüne çekýän, tutuş adamzady asylly häsiýetlere we ynsanperwerlige çagyrýan jadylaýjy güýje eýedir.

ABŞ-nyň Smitsonian institutynyň professory Pol Teýloryň çykyşy Magtymgulynyň keşbiniň häzirki zaman sungat eserlerinde şöhlelendirilişi barada boldy. Bellenilşi ýaly, türkmen şahyrynyň keşbiniň sunagtyň dürli ugurlarda giňden beýan edilmegi, onuň döredijiligine türkmen halkynyň aýratyn hormat goýýandygyny alamatlandyrýar. 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlarynyň çykyşlarynda şahyryň döredijiligiň biziň günlerimize gelip ýetişine hem-de goşgularynyň daşary ýurtly alymlar tarapyndan terjime edilişine we öwrenilişine aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, şahyryň döredijiligi iki ýolda, halkyň dilden-dile geçirmegi we golýazmalaryň üsti bilen biziň günlerimize gelip ýetipdir. 

Dabaranyň dowamynda türkmen alymlary tarapyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby ABŞ-nyň Kongressiniň kitaphanasyna gowşuryldy. Kitaphananyň wekilleri kitaby uly hormat bilen kabul edip, onuň kitaphananyň gaznasynda bar bolan türkmen medeniýeti baradaky neşirleriň goruny has-da baýlaşdyrjakdygyny bellediler. 

Döredijilik agşamynyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlaryň, milli sazlaryň ýerine ýetirilmegi gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Döredijilik agşamyna gatnaşýanlaryň köplügi, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň daşary ýurtly muşdaklarda uly gyzyklanma eýedigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. 

Döredijilik agşamynyň çäklerinde ýurdumyzyň ylym, bilim, medeniýet edaralaryndan bolan döredijilik toparynyň dünýäniň iň iri kitaphanalarynyň biri bolan ABŞ-nyň Kongressiniň kitaphanasyna gezelenji guraldy. Ýurdumyzyň wekiliýet agzalary meşhur kitaphananyň bölümleri, olarda saklanýan kitaplar, şol sanda türkmen edebiýatynyň neşirleri bilen tanyşdylar. 

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň binasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» we «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň hem-de ýakynda ýurdumyzda beýik türkmen şahyrynyň «Magtymguly» ady bilen täze goşgular kitabynyň neşir edilmegi mynasybetli tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Daşary ýurtlaryň ABŞ-daky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleriniň, bu ýurtda iş saparynda bolýan ýurdumyzyň döredijilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabarada çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň türkmen halkynyň edebi mirasyny baýlaşdyrmakdaky ähmiýetini bellediler.