Ï Ukrainada beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ukrainada beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

view-icon 3331
Ukrainada beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Ukrainanyň Milli Çagalar kitaphanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan «Маґтимґули Пираґи. 300 рокiв З дня народження. Одкровення» atly täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.  Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.   

Çärä Ukrainada akkreditirlenen diplomatik wekilanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, şahyrlar, ýazyjylar, terjimeçiler, neşirýatçylar, žurnalistler, Söwda-senagat edarasynyň, Kiýew şäheriniň etrap häkimlikleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň, Ukrainanyň dürli şäherleriniň kitaphanalarynyň, Türkmenistanda işleýän kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de türkmen ýaşlary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda geçirilen metbugat maslahatynda ukrain dilindäki terjimeleriň doly ýygyndysynyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge we ýaýratmaga örän gymmatly goşant bolup durýandygy bellenildi. Şeýle hem türkmen tarapy «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda meşhur ukrain pelsepeçisi we şahyry Grigoriý Skoworodanyň heýkeliniň ýerleşdirilmeginiň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmäge ýardam berjekdigini nygtady.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň ýerleşdirilen şahyryň dürli dillerdäki goşgularynyň ýygyndylarynyň, suratlarynyň we milli türkmen eşikleriniň sergisi guraldy.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda Türkmenistanyň Ilçisi tarapyndan ukrain kitaphanalary üçin täze neşiriň nusgalary gowşuryldy.