Ï Türkmenistanyň boksçylary Bangkokda geçirilýän saýlama ýaryşda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmak ugrunda bäsleşerler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň boksçulary Bangkokda geçirilýän saýlama ýaryşda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmak ugrunda bäsleşerler

view-icon 1729
Türkmenistanyň boksçulary Bangkokda geçirilýän saýlama ýaryşda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmak ugrunda bäsleşerler
camera-icon
Aleksandr Werşinin

Şu gün Bangkokda geçirilýän boks boýunça ikinji Bütindünýä Olimpiýa saýlama ýaryşynda üç türgen Türkmenistana wekilçilik eder.

Taýlandyň paýtagtynda geçirilýän saýlama ýaryşa 133 ýurtdan 579 boksçular gatnaşar, olar 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga erkekleriň arasynda ýedi we zenanlaryň arasynda alty agram derejesinde 51 hukuknama ugrunda bäsleşerler.

Şükür Öwezow (57 kilograma çenli agram derejesinde), Saparmyrat Ödäýew (63,5 kilograma çenli agram derejesinde) we Baýramdurdy Nurmuhammedow (71 kilograma çenli agram derejesinde) Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hatarynda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukugy ugrunda bäsleşerler. 

Şükür Öwezow we Baýramdurdy Nurmuhammedow Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda boks bilen meşgullanýarlar, Saparmyrat Ödäýew bolsa Balkanabatdaky 3-nji sport mekdebinde boksy tälimçilik bilen üstünlikli utgaşdyrýar.

Bijä görä, toparymyzdan Şükür Öwezow (57 kilograma çenli) ilkinji bolup meýdança çykar. Ol ilki Ziýad Ali Majraşi (Saud Arabystany) bilen göreşer. Bu göreşiň ýeňijisi indiki aýlawda Karlo Paalam (Filippinler) – Alekseý Lagkazaşwili (Gresiýa) tutluşygyň ýeňijisi bilen duşuşar.

Saparmyrat Ödäýew (63,5 kilograma çenli) ilkinji söweşde Kong Çin Li (Gonkong) bilen göreşer. Bu göreşde ýeňiş gazansa ol indiki tapgyrda Wu Tan Dat (Wýetnam) – Sendbaatar Erdenebat (Mongoliýa) bilen duşuşar.

Hançžouda (Hytaý) geçirilen ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi Baýramdurdy Nurmuhammedow 2022-nji ýyldaky Aziýa çempionatynyň 27 ýaşly bürünç medalynyň eýesi Byamba-Erdene Otgonbaatar (Mongoliýa) bilen göreşer. Onuň ýeňijisi ýaryşyň ikinji tapgyrynda Nişant Dew (Hindistan) – Armando Bigafa Bigate Naae (Gwineýa-Bisau) tutluşygyň ýeňijisi bilen duşuşar.

Bangkokda geçirilýän ikinji Bütindünýä Olimpiýa saýlama ýaryşy boksçularyň 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin soňky mümkinçilikdir.

Boks – Olimpiýa oýunlary maksatnamasynyň iň gadymy sport görnüşlerinden biridir. Iki müň ýyl mundan ozal gadymy Olimpiýa oýunlarynda ilkinji ýumruklaşma söweş ýaryşy geçirilipdi, boks bolsa 1904-nji ýylda Sent-Luisde häzirki zaman Olimpiýa oýunlaryna ilkinji gezek girizildi.

Zenanlar boksy 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda peýda boldy. 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda ilkinji gezek oňa gatnaşyjylaryň sany deň bolar.

Parižde geçiriljek Olimpiýa boks ýaryşlaryna 248 türgen: 124 zenan we 124 erkek gatnaşar. Ýaryş eýesi hökmünde Fransiýa alty ýer aldy – üçüsi erkekler, üçüsi zenanlar. Olimpiýa oýunlarynda az wekilçilikli Milli Komitetlere dokuz ýer – bäşisi zenanlar we dördüsi erkekler üçin berildi.

Umuman, her bir Milli Olimpiýa Komiteti 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna 13-e çenli boksçy alty zenan (her agramda biri) we ýedi erkek (her agramda biri) gatnaşdyryp biler.

Pariž – 2024 Olimpiýa oýunlarynyň boks ýaryşy 27-nji iýuldan 10-njy awgust aralygynda «Rolan Garrosda» we «Pari Nord Arenasynda» geçiriler.

Ähli agramlar derejesinde ýaryşlar Kubok ugrunda ýaryş düzgünine laýyklykda geçiriler. Deslapky tapgyrlardan (1/16 we 1/8 final) soň çärýek final, ýarym final we final oýunlary geçiriler. Altyn we kümüş medallaryň ýeňijileri finalda kesgitlener. Ýarym final ýeňijileriniň ikisi hem bürünç medal alarlar.