Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 1816
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, milli parlament tarapyndan alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada habar berildi.

Parlamentara gatnaşyklary hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin durmuşa geçirilýän işler, hususan-da, Hytaý Halk Respublikasynyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda parlamentler derejesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygy barada aýdyldy. Mejlisiň wekilleri Özbegistanyň Samarkant şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynda zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meselelerine bagyşlanyp geçirilen Aziýa zenanlar forumyna hem-de Indoneziýa Respublikasynda X suw forumynyň çäklerinde geçirilen halkara parlament duşuşygyna gatnaşdylar. Şeýle hem deputatlar Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň aramgählerine zyýarat etdiler.

Ýurdumyzyň Mejlisi, Halk Maslahaty tarapyndan beýleki degişli döwlet edaralary, jemgyýetçilik birleşmeleri bilen bilelikde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly: Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy — kämil hukuk ulgamynyň we täze eýýamyň belent maksatlaryny durmuşa geçirmegiň mizemez esaslary” atly ylmy-amaly maslahat guraldy. Mejlisiň deputatlary döwlet syýasatynyň esasy maksatlaryny we wezipelerini halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen guralýan dürli çärelere gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi we milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de berkitmäge, halkymyzyň durmuş derejesini gowulandyrmaga itergi berjek täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça netijeli işleriň geçirilmelidigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow dünýäniň esasy reýting agentlikleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalardan halkara reýtingleri almak boýunça işleri geçirmek göz öňünde tutulandyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer “Fitсh Ratings” agentliginden gelip gowşan degişli teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň halkara we daşary ýurt maliýe guramalary hem-de agentlikleri bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmelidigini belledi hem-de milli ätiýaçlandyryş ulgamynyň halkara maliýe abraýyny ýokarlandyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin degişli işleriň geçirilmelidigini aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümçilik desgalarynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Degişli meýilnamada kesgitlenen esasy wezipelere laýyklykda, tehnologik enjamlary abat ýagdaýda saklamak, nebit geçirijileriň durkuny täzelemek, çykarylýan «gara altyny» ygtybarly akdyrmak, ýurdumyzyň käbir gaz gysyjy beketlerinde, nebiti gaýtadan işleýän desgalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek, durkuny täzelemek hem-de täzelerini gurmak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, ugurdaş düzümleri tehniki enjamlar bilen üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky önümçilik desgalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle-de wise-premýere nebiti gaýtadan işleýän desgalaryň tehniki ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklamak, zerur bolan ýagdaýynda, olarda abatlaýyş işleriniň geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, hatarara bejergi işlerini geçirmek, otag we ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar, hasyly öz wagtynda ýygnap almak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Ilatymyzy ýurdumyzda ýetişdirilen ýeralma, gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda ýazlyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Bellenilen meýilnama laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda ýüpek gurçugyna ideg etmek, pile hasylyny ýygnap alyp, Watan harmanyna tabşyrmak boýunça işler geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak ugrunda ähli tagallalar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň berk gözegçilikde saklanylmagy, hatarara bejergi, otag, ýekelemek we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegi babatda tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz galla oragyny guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görülmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, häzirki wagtda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, gurluşyk toplumynda alnyp barylýan düýpli özgertmeler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, toplumyň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda dowam edýän gurluşyk-gurnama, durkuny täzelemek we düýpli abatlamak işleriniň bahalaryny döwrüň talabyna laýyklykda işläp düzmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda we ony ýerine ýetirmegiň Meýilnamasynda göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek babatda görülýän çäreler hakynda habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gurluşyk pudagyndaky düýpli özgertmeleri dowam etdirmelidigini, gurluşykda alnyp barylýan işlere ylmy esasda çemeleşmelidigini, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmalydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gurluşyk işleriniň bahalaryny döwrüň talabyna laýyklykda işläp düzmegiň esasy wezipeleriň biridigini aýdyp, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 4-5-nji iýunynda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň 12-nji mejlisini hem-de onuň çäklerinde işewürler duşuşygyny geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, senagatda innowasion tehnologiýalar, energetika, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, ekologik taslamalar we galyndylaryň dolandyrylyşy, gurluşyk hem-de ulag infrastrukturasy, hyzmatlar ulgamy, saglygy goraýyş, derman senagaty, oba hojalygy we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de bilelikdäki resminamalara gol çekiler. Işewürler duşuşygynyň dowamynda Awstriýanyň enjamlary öndürýän kompaniýalarynyň işläp taýýarlamalary bilen tanyşmak, birnäçe ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, dünýäniň ösen döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny barha giňeltmegiň zerurdygy barada aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, Gurban baýramy mynasybetli dürli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmeginiň şanyna dürli çäreleri, halkara ylmy-amaly maslahatlary, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreler, döredijilik, zehin bäsleşikleri, sport ýaryşlary guralar. 1-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň jemlerini jemlemek we ýeňijilere baýraklary gowşurmak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem iýun aýynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda çagalaryň tennis festiwaly geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramlar we şanly seneler bilen bagly iýun aýynda geçiriljek esasy çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyryp, ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin zerur işleri alyp barmagy wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, 3-nji iýunda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramagyň göz öňünde tutulýandygy hakynda aýdyldy. Şeýle hem bu sene mynasybetli 31-nji maý — 3-nji iýun aralygynda ýurdumyzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň gatnaşmagynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat böleginiň ugry bilen uzynlygy 335 kilometr aralyga dört tapgyrdan ybarat bolan welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Olimpiýa şäherçesiniň “Welotrek” sport toplumynda 27-nji maý — 3-nji iýun aralygynda “Siz bilen sportda gadamlar batly,//Ak geljege ýörelgämiz, Arkadag!” atly welotrek boýunça Türkmenistanyň birinjiligini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bütindünýä welosiped gününi giňden hem-de dabaraly belläp geçmek üçin gowy taýýarlyk görülmelidigini, bu baýram mynasybetli paýtagtymyzda, welaýatlarda bedenterbiýe-sport çäreleriniň talabalaýyk geçirilmelidigini wise-premýere tabşyrdy.

Soňra wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň işlenip taýýarlanylan taslamasy barada hasabat berdi.

Bu resminamada çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmäge, bilimli, ylymly, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmäge, okatmagyň hilini, bilimiň mazmunyny halkara ülňülere laýyk getirmäge, pedagogik işgärleri taýýarlamagyň gerimini giňeldip, mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmaga, täze tehnologiýalar esasynda okuwyň mazmunyny, görnüşini kämilleşdirmäge, bilimiň hilini bahalandyrýan halkara maksatnamalaryň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmaga gönükdirilen çäreler göz öňünde tutulýar. Wise-premýer Konsepsiýada bellenilen wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň okatmagyň usulyýeti boýunça täze okuw-usulyýet toplumlarynyň, milli programma üpjünçilikleriniň taýýarlanylmagyna, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmagyna, okatmagyň usulyýetiniň milli tejribä we halkara bilim standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna ýardam berjekdigini aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň umumybilim berýän edaralarynda bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmelidigini belledi hem-de «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu gatnaşyklar döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň hatarynda çykyş edýär. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň häzirki zaman dünýä syýasatynda eýeleýän ähmiýetli ornuny, Türkmenistanyň bu ýurtlar bilen Garaşsyzlyk ýyllaryndaky hyzmatdaşlygynyň baý tejribesini, taryhy gatnaşyklaryny göz öňünde tutup, taýýarlanan teklipler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Hytaý Halk Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli esasda alnyp barylýandygy habar berildi. Şeýle hem geçen ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň 6-njy mejlisinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, 2024-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň taýýarlanylandygy barada aýdyldy. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň ýanwarynda Hytaýa amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, şu ýylyň iýulyndan başlap Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýylyna bagyşlanan çäreleriň toplumyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Şunuň bilen birlikde, strategik döwletara hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, degişli işler alnyp barylýar, hususan-da, resminamalaryň toplumy işlenip taýýarlanyldy. Bu ulgamdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin şu ýylyň ikinji ýarymynda ikitaraplaýyn pudagara geňeşmeleri geçirmek teklip edildi.

Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda depginli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Astana şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň duşuşygyny guramak boýunça işleriň alnyp barylýandygy habar berildi. Şunuň bilen birlikde, hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlaryny gurşap alýan we gol çekilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn resminamalar barada aýdyldy.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasy bilen döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri barada aýdyp, soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny, hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny belledi.

Şeýle-de ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolan Malaýziýa bilen özara gatnaşyklar barada aýdylyp, döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe teklipler beýan edildi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan 2022-nji ýylda “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Bu başlangyjy iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda halkara duşuşygy ýa-da maslahaty geçirmek teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, bu sebitiň döwletleri bilen gatnaşyklaryň ugurlaryny giňeltmegiň zerurdygyna üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri goldap, ýokary derejede geçiriljek gepleşiklere, saparlara, dürli görnüşdäki duşuşyklara ünsi çekdi hem-de wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag we kommunikasiýalar pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kosmos pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, hemra aragatnaşygynyň täze hyzmatlaryny döretmek, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine goşant goşmak maksady bilen, Kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň konseptual esaslarynyň taslamasyny işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär. Bu resminamanyň esasy wezipeleri ýurdumyzda kosmos pudagy babatda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyklykda dowam etdirmekden we täze tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, “TürkmenÄlem52oE” milli aragatnaşyk hemrasynyň hyzmatlarynyň gerimini giňeltmekden, ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektlerini döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sanly ulgamy ösdürmek üçin hemra aragatnaşygynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa pudagynyň hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk ösdürmegi dowam etdirmelidigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara hem-de ähli türkmenistanlylara ýüzlenip: “Biz şu gün Aşgabat şäheriniň gününi, şeýle hem «Soňky jaň» dabarasyny geçirýäris. Ertir bolsa Türkmen halysynyň baýramyny dabaraly ýagdaýda belläp geçeris” diýip belledi we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň dünýä meşhur halyçylyk sungatynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Bu ajaýyp sungaty dünýä ýaýmak, halylaryň gadymy asyl nusgalaryny gorap saklamak we dikeltmek, täze görnüşlerini döretmek üçin möhüm şertler üpjün edilýär. Biz geljekde-de halyçylyk sungatyny ösdürmäge döwlet derejesinde uly üns bereris diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda Hökümet agzalaryny hem-de mähriban halkymyzy Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy bilen, şeýle hem «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly seneler bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.