Ï «Hazar Ätiýaçlandyryş» APJ ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny hödürleýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Hazar Ätiýaçlandyryş» AGPJ ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny hödürleýär

view-icon 1893
«Hazar Ätiýaçlandyryş» AGPJ ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny hödürleýär

«Ak şäherim – Aşgabat» XXIII Halkara köpugurly sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň esasy ätiýaçlandyryş kompaniýasy «Hazar Ätiýaçlandyryş» AGPJ https://hazar.com.tm/ raýatlaryň howpsuzlygyny we abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen hyzmatlarynyň ugurlary barada gürrüň berýän diwarçasy bilen tanyşdyrýar.

«Hazar Ätiýaçlandyryş» kompaniýasy ýurduň esasy ätiýaçlandyryjylaryndan biridir, ol sergä gatnaşyjylar we myhmanlar üçin köp sanly ätiýaçlandyryş önümlerini hödürleýär. Häzirki wagtda kompaniýa içerki bazarda we halkara derejede ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň 21-sini ýerine ýetirýär. Korporatiw ätiýaçlandyryş we telekeçilik işleri üçin şol sanda üýtgeşik, özboluşly we ýokary hünär ussatlygyny talap edýän ätiýaçlandyryş çözgütleri kompaniýanyň ileri tutulýan iş ugurlarydyr.

«Hazar Ätiýaçlandyryş» AGPJ 2016-njy ýylda esaslandyryldy we döredilen döwründen bäri Türkmenistan bazarynda özüni ygtybarly ätiýaçlandyryş hyzmatdaşy hökmünde görkezdi. «Hazar Ätiýaçlandyryş» AGPJ-niň kompaniýasy esasy ätiýaçlandyryş brokerleri we guramalary, şol sanda Marine Insurance Services STA, ED Broking LLP, UIB Ltd, Miller LLP, BRW Brokers Limited, Aksiom Ätiýaçlandyryş brokeri, Türkmenistanyň «Ätiýaçlandyryş Hyzmatlary» Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy ÝGPJ, şeýle hem «Gadamly Ösüş» Ätiýaçlandyryş brokeri bilen hyzmatdaşlyk edýär. 

«Hazar Ätiýaçlandyryş» AGPJ-niň tejribeli hünärmenleri aýry-aýry töwekgelçilikleri we tabşyryklary göz öňünde tutup, has amatly ätiýaçlandyryş maksatnamasyny saýlamaga kömek ederler. 

«Hazar Ätiýaçlandyryş» AGPJ-niň hödürleýän ätiýaçlandyryşynyň esasy görnüşleriniň arasynda emläk ätiýaçlandyryşy: ýaşaýyş we ýaşaýyş däl jaýlaryny, kärhana emlägini ýangyndan, tebigy betbagtçylyklardan, ogurlykdan we beýleki garaşylmadyk ýagdaýlardan goramak ýaly hyzmatlar bar. 

Şeýle hem kompaniýa awtoulag ätiýaçlandyryşy: awtoulagyňyza we beýleki köçe-ýol hereketine gatnaşyjylara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagy kepillendirýär. Durmuş we saglyk ätiýaçlandyryşy: adam näsaglan wagtynda, maýyplykda ýa-da ölüm ýagdaýynda maliýe goldawyny bermek hyzmaty hem berilýär.

Syýahatçylyk ätiýaçlandyryşy: syýahat wagtynda garaşylmadyk ýagdaýlara lukmançylyk kömegi we çykdajylaryň öwezini dolmak, şeýle hem ätiýaçlandyryşyň beýleki görnüşleri: daşaýjylaryň jogapkärçiligini, gurluşyk we gurnama işlerini, betbagtçylykly ýagdaýlary ätiýaçlandyryş we ş.m. hyzmatlary ýerine ýetirýär.

«Ak şäherim – Aşgabat» XXIII Halkara köpugurly sergisine gatnaşmagy «Hazar Ätiýaçlandyryş» AGPJ üçin Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş hyzmatlary bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga ýene bir ädim boldy.