Ï Aşgabat şäheri GDA-nyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip ykrar edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat şäheri GDA-nyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip ykrar edildi

view-icon 2347
Aşgabat şäheri GDA-nyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip ykrar edildi

Paýtagtymyzda 2024-nji ýylyň 24-nji maýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen geçirilen mejlisinde Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek baradaky Çözgüdi biragyzdan kabul edildi.

Şol bir wagtyň özünde Hökümet Baştutanlary Bedenterbiýe we sport barada Geňeşe bu başlangyjy durmuşa geçirmäge gönükdirilen 2024-2025-nji ýyllar üçin hereket meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdylar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy GDA-nyň Hökümet Baştutanlary Geňeşiniň Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek baradaky Çözgüdi kabul etmegi, Arkalaşygyň hyzmatdaşlarynyň soňky ýyllarda bilelikdäki uly göwrümli sport taslamalaryny durmuşa geçirmäge gyzyklanmasynyň artýandygynyň subutnamasydyr. Bu GDA döwletleriniň Bedenterbiýe we sport pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada Ylalaşygynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, şeýle hem Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklarynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga Türkmenistanyň möhüm goşandydyr.

Mejlisde bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistan sportuň dürli görnüşleri boýunça iri halkara sport ýaryşlaryny we forumlaryny yzygiderli geçirmek başlangyjyny öňe sürýär hem-de olary guraýar. 2017-nji ýylda 62 ýurtdan 5000 güýçli türgeni ýygnap, sportuň 21 görnüşi boýunça medallar ugrunda bäsleşilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Aşgabatda üstünlikli geçirildi.

2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy her ýyl 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped gününi döretdi. Şol ýyl gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça 2018-nji ýylda «Amul-Hazar» halkara awtoralli, şeýle hem agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, 2023-nji ýylda Türkmenistanda XIV Kuraş boýunça dünýä çempionaty, 2024-nji ýylda bolsa 10 toparyň gatnaşmagynda halkara hokkeý ýaryşy geçirildi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasyndaky sport hyzmatdaşlygyna gatnaşygyny güýçlendirdi. 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA döwletleriniň we oňa gatnaşmak isleýän beýleki ýurtlaryň türgenleriniň gatnaşmagynda Dostluk oýunlaryny geçirmegi teklip etdi. Häzirki wagtda bu başlangyç GDA agza ýurtlaryň Bedenterbiýe we sport Geňeşi tarapyndan seredilýär, 2023-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň wekilleri hem onuň işine gatnaşýarlar.

2023-nji ýylda Belarusda geçirilen GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda Türkmenistanyň türgenleri türkmen sportunyň ýokary derejesini tassyklaýan 3 kümüş we 15 bürünç – jemi 18 medal gazandylar.