Ï Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň şygryýetine bagyşlanan söhbetdeşlik geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň şygryýetine bagyşlanan söhbetdeşlik geçirildi

view-icon 2949
Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň şygryýetine bagyşlanan söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitap hazynanyň dürler dänesi, Magtymguly Pyragynyň şygyr ummany» atly söhbetdeşlik geçirildi. Ol Ylmy habar beriş we sowal-jogap, Patent we tehniki gözegçilik bölümleri tarapyndan guraldy.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilmeginiň nusgawy türkmen edebiýatyny we dilini esaslandyran, deňsiz-taýsyz çeper söz ussady, beýik akyldar, ynsanperwer watançy şahyryň döredijilik şahsyýetiniň köp taraplylygyny açyk-aýdyň görkezýändigi barada gürrüň etdiler. Magtymguly Pyragynyň şygryýeti türkmen halky üçin geçmişiň ýalkymly ýaňy, geljegiň nury, halkyň dili, agzybirlik aýdymy bolup ýaňlanýar we asyrlarboýy öçmejek ruhy şamçyrag bolup hyzmat edýär.

Onuň şygryýeti we oňa siňdirilen paýhasly pikir ummany bu günki gün dünýäniň köp ýurdunda elýeterli bolmak bilen, nusgawy türkmen şahyrynyň döredijilik mirasynyň Ýer ýüzi üçin ähmiýetini nygtaýar. Onda ynsan kalbyna aralaşýan umumadamzat gymmatlygy bolan parahatlyga, agzybirlige, adamkärlige, ahlak arassalygyna, gaýduwsyzlyga we gözellige çagyryş beýan edilýär.

Söhbetdeşlikde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek we wagyz etmek, şol sanda halkara hyzmatdaşlyk arkaly-da öwrenmek we wagyz etmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, şahyryň üç dilde neşir edilip, eýýäm okyjylaryň arasynda meşhurlyk gazanan «Magtymguly» atly täze saýlanan eserler kitabynyň ähmiýeti nygtaldy. Onuň neşir edilmegi Türkmenistanda milli ruhy gymmatlyklara ägirt uly üns berilýändiginiň we dünýäde meşhurlyk gazanýandygynyň ýene bir subutnamasy boldy.