Ï Ýurdumyzda boljak howa barada maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda boljak howa barada maglumat

view-icon 2232
Ýurdumyzda boljak howa barada maglumat

Ýurdumyzda yssy we birnäçe welaýatlarda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Käbir sebitlerde howanyň ortaça temperaturasy + 42 gradus bolar.

Aşgabatda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +21... +23 gradusdan +24... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +37 gradusdan +39... +41 gradus aralygynda yssy bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradusdan +37... +42 gradus aralygynda yssy bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +19... +24 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +36... +41 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +32... +37 gradus yssy bolar.

Mary welaýatynda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +19... +24 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda, gündizlerine +33... +38 gradusdan +37... +42 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +18... +23 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradusdan +37... +42 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +18... +23 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradusdan +35… +40 gradus aralygynda yssy bolar.

Yssy günlerde Gün urmazlygy üçin onuň täsirini çäklendirmäge synanyşyň! Munuň üçin ýeterlik möçberde suw içmegi we daşary çykanyňyzda göni Gün şöhlesinden goranmak üçin baş gaply ýa-da saýawanly çykmagy unutmaň!