Ï Türkmenistanly suratkeşler «Türki dünýäsiniň zenanlar älemi» atly sergisine gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly suratkeşler «Türki dünýäsiniň zenanlar älemi» atly sergisine gatnaşdylar

view-icon 2021
Türkmenistanly suratkeşler «Türki dünýäsiniň zenanlar älemi» atly sergisine gatnaşdylar

Gyrgyzystanyň Bişkek şäherindäki Gapar Aýtiýew adyndaky Milli şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen «Türki dünýäsiniň zenanlar älemi» atly sergisinde Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Türkiýeden we Türkmenistandan sungat işgärleriniň iň gowy döredijilik eserleri görkezildi.

Döredijilik çäresinde ýurdumyza Hatyja Amansähedowa we Aýnagözel Nuryýewa wekilçilik etdiler. Milli äheňleri we reňkleri ulanmak esasynda döredilen türkmenistanly nakgaşlaryň portretleridir nartýurmortlary serginiň myhmanlaryna türkmen halkynyň medeniýetiniň älemine aralaşmaga mümkinçilik berdi.

Serginiň açylyş dabarasyna TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Soltan Raýew, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň ilçileri we medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Soltan Raýewiň öz çykyşynda belläp geçişi ýaly, türki ýurtlaryndan zenan suratkeşleri birleşdirmäge gönükdirilen bu sergi ilkinji gezek geçirilýär. Eserleriň hemmesiniň türki dünýäsiniň suratkeşlerine degişlidigine garamazdan, olar dürli-dürlidir. Olar usullary, mekdepleri, garaýyşlary, terbiýesi we görnüşleri bilen tapawutlanýarlar.

Şeýle hem serginiň beýleki türki döwletlerinde guraljakdygy we adaty çärä öwrüljekdigi bellenildi. Geljek ýyl Gazagystanyň Aktau şäherinde şeýle sergi geçirmek meýilleşdirilýär.

Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-nyň guran sergisiniň çäklerinde «Taryhy, medeni we durmuş jähtden zenanlaryň sungatdaky orny» atly tegelek stol geçirildi. Mundan başga-da, Bişkegiň şekillendiriş sungat mekdepleriniň talyplary üçin ussatlyk sapaklary geçirildi.

Sergä gatnaşan suratkeşlere «Türki dünýäsiniň zenan suratkeşleri» sergisiniň kataloglary gowşuryldy.