Ï Ýazlyk ýeralmany ýygnamagyň döwlet meýilnamasy ýerine ýetirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýazlyk ýeralmany ýygnamagyň döwlet meýilnamasy ýerine ýetirildi

view-icon 1889
Ýazlyk ýeralmany ýygnamagyň döwlet meýilnamasy ýerine ýetirildi

Lebap welaýatynda şu oba hojalyk ýylynda 1400 gektar ýerde ýazlyk ýeralma ekilip, ondan göz öňünde tutulan 19 müň 600 tonna hasyla derek 19 müň 778 tonna ýeralma ýygnalyp, bu baradaky döwlet meýilnamasy artygy bilen ýerine ýetirildi.

Munuň özi her gektaryň hasyllylygynyň 143 sentnere ýakyn bolandygyny aňladýar. Welaýat boýunça bu möwsüme taýýarlykly gelinmegi, ýeralmanyň ýokary hasyl berýän, sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, synagdan geçen tohumlarynyň saýlanyp alynmagy, ekişiň öz wagtynda talaba laýyk geçirilmegi hem-de ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagy etraplaryň ählisinde bu möhüm azyklyk ekiniň bol hasylynyň kemala getirilmegini, ýagny döwlet tabşyrygynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny üpjün etdi.

Şu möwsümde ýylyň ýylyna welaýat boýunça bu ekiniň bol hasylynyň alynmagyna uly goşant goşýan Çärjew etrabynda 480 gektar ýerde ýeralma ekilip, ondan 6 müň 735 tonna, Dänew etrabynda 350 gektar ýerden 4 müň 960 tonna, Saýat we Halaç etraplarynda degişlilikde 300 hem-de 130 gektar ýerde ýeralma ekilip, ondan 4 müň 247 we 1 müň 857 tonna hasyl ýygnaldy. Bu möhüm azyklyk ekiniň ak bazarlarda we dükanlarda alyjylara elýeterli bahalardan hödürlenýändigini, galan böleginiň hem «Miwe» oba hojalyk senagat birleşigine degişli ýöriteleşdirilen sowadyjy ammarlara iberilendigini, munuň bolsa, ýylyň bütin dowamynda raýatlarymyzy ýeralmanyň ekologiýa taýdan arassa, ter önümleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini bellemek möhümdir.

Şeýle hem gündogar sebitde şu ýyl sogan, pomidor, hyýar, kelem, käşir ýaly gök önümler hem-de bakja ekinleri ekilip, onuň bol hasylyny almaklyk meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu ugurlarda işleriň guramaçylykly alnyp barylmagy, daýhanlaryň tutanýerli zähmeti lebaply gök-bakjaçylaryň arzyly maksatlaryna ynam bilen ýetjekdiklerine şaýatlyk edýär.