Ï Arkadag şäheri açylmagynyň bir ýyllyk senesini bellemäge taýýarlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäheri açylmagynyň bir ýyllyk senesini bellemäge taýýarlanýar

view-icon 3183
Arkadag şäheri açylmagynyň bir ýyllyk senesini bellemäge taýýarlanýar

Şu günler Arkadag şäheriniň dürli edaralary we kärhanalary ýurdumyzda ilkinji bolup «döwlet ähmiýetli şäher» adyna eýe bolan «akylly» şäheriň açylmagynyň bir ýyllyk senesini bellemäge taýýarlanýar. Ýakynda Arkadag şäheriniň döwlet arhiwinde şu aýda boljak möhüm çärä bagyşlanan «tegelek stol» duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga gatnaşanlar ýaş nesliň bilim almagy we hemmetaraplaýyn ösmegi, şäher ilatynyň rahat durmuşy we zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilen şäheriň aýratynlyklary barada söhbet etdiler. Bellenip geçilişi ýaly, bu ýerde alnyp barylýan uly göwrümli işleriň gidişini hemişe üns merkezinde saklaýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başlanan şäher gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň gönüden-göni durmuş ugruna eýe bolan we ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn innowasion ösüşine, halkyň durmuş şertlerini we hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliginiň aýdyň subutnamasydyr.

Köpetdagyň gözel görnüşli eteklerinde ýerleşýän Arkadag şäheri durmuş ulgamynda öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan «akylly» şäheriň nusgasydyr. «Tegelek stol» duşuşygynda Arkadag şäheriniň döwlet arhiwiniň işi, işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we gazanylan üstünlikler bellenildi.