Ï Türkmenistanyň wekilleri «Merkezi Aziýada hukugyň hökmürowanlygy» atly Maksatnamanyň netijelerini ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekilleri «Merkezi Aziýada hukugyň hökmürowanlygy» atly Maksatnamanyň netijelerini ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşdylar

view-icon 1963

Bäş sany Merkezi Aziýa ýurdunyň prokuratura, kazyýet, Adalat ministrligi we Adalatçy edarasynyň işgärlerinden ybarat wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda geçen «Merkezi Aziýada hukugyň hökmürowanlygy» atly Maksatnamanyň sebitleýin dolandyryş komitetiniň üçünji mejlisine we Maksatnamanyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy.

«Merkezi Aziýada hukugyň hökmürowanlygy» atly Maksatnama Ýewropa Bileleşigi bilen Ýewropa Geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde umumy gymmatlyklar we maksatlar esasynda işlenip düzüldi.

Maksatnamanyň baş maksady, Ýewropa we beýleki halklaryň ülňülerine laýyklykda, adam hukuklaryny, demokratiýany we kanun hökmürowanlygyny berkitmek arkaly raýatlaryň durmuşyny gowulandyrmakdyr. Maksatnama her bir ýurduň aýratynlyklaryny we zerurlyklaryny göz öňünde tutýan çemeleşmä esaslanýar.

Mejlis Ýewropa Bileleşiginiň we Ýewropa Geňeşiniň hünärmenleri tarapyndan geçirildi. Çäräniň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň Merkezi Aziýada Kanun hökmürowanlygy Maksatnamasynyň çäginde edilen işler we gazanylan üstünlikler baradaky çykyşlary diňlendi. Çykyş edenler kanunyň hökmürowanlygy, demokratik dolandyryş, şeýle hem adam hukuklary we azatlyklary ýaly ugurlarda ösüşi goldamagyň möhümdigini nygtadylar.

Çäräniň esasy maksady Maksatnamanyň netijelerine baha bermek we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropanyň arasynda adam hukuklaryny goramak babatynda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekdir.