Ï Balkan welaýatynda «Magtymguly» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkan welaýatynda «Magtymguly» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

view-icon 2150
Balkan welaýatynda «Magtymguly» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «Çarlak» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda «Magtymguly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. 

Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysy türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edildi. Çärä «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň işgärleri, Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi we Türkmenbaşy şäheriniň Merkezi kitaphanasynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Çykyş edenler dünýä edebiýatyna saldamly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň ähmiýetini we edebi mirasyny öwrenmekde alnyp barylýan işler barada belläp geçdiler.