Ï Täze möwsüme täze spektakllar bilen başlanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze möwsüme täze spektakllar bilen başlanyldy

view-icon 3098
Täze möwsüme täze spektakllar bilen başlanyldy

Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary nobatdaky teatr möwsümini Magtymguly Pyragynyň eserleri esasynda owadan aýdym-sazly tomaşasy bilen açdy.

Şeýlelik bilen, belli welaýat teatrlarynyň biriniň topary ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli giňişleýin baýramy dabarasyna işjeň gatnaşmagyň höwesinde. Dramaturg O.Öwezowyň pýesasy esasynda bu spektakly teatryň režissýory B.Hallyýew sahnalaşdyrdy.

Teatryň täze spektakly beýik akyldar şahyryň Hywada medresäni tamamlandan soň dogduk mekanyna dolanýan döwrüni beýan edýär. Obadaşlary Magtymguly Pyraga sabyrsyzlyk bilen garaşyp, onuň goşgy setirlerini ýatlaýarlar, olara döredilen aýdymlary aýdýarlar. Wakalaryň beýany ýaýbaňlandygy saýy spektaklyň esasy temasy bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligine mahsus, onuň öňden gören türkmeniň kuwwatly we bütewi döwleti, halky agzybirlige çagyryşy, ýagşylyga we adalata gulluk etmek, Watan temasyna öwrülýär.

Täze spektaklda Magtymgulynyň keşbini zehinli aktýorlaryň ikisi – H.Muhadow we D.Baýarow, Meňliniň keşbini N.Hydyrowa we Mergen hojanyň keşbini T.Garlyýew ýerine ýetirýärler. Spektaklda teatryň artistleriniň ençemesi, şol sanda Türkmenistanyň at gazana artistleri H.Şyhyýew we M.Seýidow gatnaşýarlar.

Täze möwsümde teatryň döredijilik toparynyň tomaşaçylara Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan ýene bir täze eseri Hemra Şirowyň eseri esasynda «Şygyr diwany» spektaklyny görkezmäge taýýarlanýandygyny ýatladýarys.

Teatryň topary täze möwsüme täsirli we baý tomaşalar bilen girişýär. Tomaşaçylar, has ýaşajyk tomaşaçylar üçin taýýarlanan tomaşalar bilen bir hatarda ilkinji gezek görkeziljek spektakllaryň birnäçesi teklip ediler. Döredijilik topary işinde spektakllaryň wajyplygyna, tomaşaçylarda işjeň durmuş dünýägaraýşyny we watançylyk duýgusyny kemala getirmäge ýardam edýän eserleri sahnalaşdyrmaga ozalkysy ýaly uly üns bermegi maksat edinýär.