Ï Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

view-icon 2650

Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan alabaý itlerini häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly talabalaýyk saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, bu ugurda halk seçgiçiligini ösdürmekde hem-de kämilleşdirmekde, dünýäniň dürli döwletleri bilen itşynaslyk ugrunda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde hem-de ornaşdyrmakda gazanan uly üstünlikleri üçin we köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň
«Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmaly:

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Türkmen alabaýlarynyň merkeziniň müdiri Orazmyrat Rejepgulyýewiç Saparowa,

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň “Gyzylgum” daýhan birleşiginiň at çopany, hususy itşynas Begenç Aganýazowiç Hanyýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.