Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat

view-icon 1946

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Premýer-ministr wezipesine bellenilmegim mynasybetli iberen gutlagyňyz we hoşniýetli sözleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmek isleýärin.

Türkmenistan kanunylyga esaslanýan erkin we açyk halkara gatnaşyklary berkarar etmekde Ýaponiýanyň möhüm strategik hyzmatdaşy bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda, şol sanda ykdysady, ylmy-tehniki, medeni ulgamlarda yzygiderli ösdürilýändigi guwandyryjydyr. Şeýle hem men Siziň Alyhezretiňiziň Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi mynasybetli geljek ýyldaky saparyňyza we Siziň bilen duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Şu ýylyň awgustynda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli yza süýşürildi. Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, şu ýyl 20 ýyllygy bellenilýän “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde Siziň Alyhezretiňiz bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýärin.

Sigeru ISIBA,

Ýaponiýanyň Premýer-ministri.