Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

view-icon 2510
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde degişli ösüş maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Watanymyzyň goranyş ukybyny berkitmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, Milli goşunymyzy iň täze tehniki serişdeler bilen üpjün etmek, serkerdeleriň, esgerleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada-da aýdyldy. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň çäklerinde durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň ugurlaryny nazara alyp, harby düzümleriň esasy meýilnamalaryna ünsi çekdi. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine çagyryş boýunça harby gullugy geçýän gullukçylaryň harby gullukdan boşadylmagynyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşynyň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek meselesini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň on aýyndaky işleriň netijeleri, şol sanda ýurdumyzda hereket edýän kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de ol ýolbaşçylyk edýän edarasynda sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagy boýunça görülýän çäreler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyrygy esasynda geçirilen barlaglaryň netijeleri barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, prokuratura edaralary tarapyndan kanunçylygyň doly we dogry ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Milli maksatnamany” we beýleki resminamalaryň taslamalaryny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda taýýarlamagyň wajypdygyny aýdyp, Baş prokurora bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow 2024-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, jemgyýetçilik tertibini saklamak, jenaýatçylygyň öňüni almak, Ýol gözegçiligi gullugynyň we Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň käbir etraplarynda Içeri işler ministrliginiň Polisiýa müdirlikleriniň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň döwrebap edara binalarynyň ulanmaga berlendigi aýdyldy.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyzda jenaýatçylyga we beýleki hukuk bozulmalaryna garşy göreşmek işleriniň yzygiderli kämilleşdirilmelidigini aýtdy. Şeýle-de ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegini gazanmakda döwrebap tehnologiýalary ulanmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi. Hormatly Prezidentimiz gyş möwsüminde hojalyk desgalarynda, ýaşaýyş jaýlarynda ýangynyň öňüni almak üçin degişli barlaglary geçirmegiň möhümdigini belläp, bu ugurda ilat arasynda düşündiriş işlerini talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew kazyýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we işgärler kuwwatyny berkitmek üçin hasabat döwründe amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, birnäçe etrap bölümleriniň döwrebap binalarynyň ulanmaga berlendigi barada aýdyldy. Şeýle-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň garamagyna «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permanyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda jenaýatçylyga we kanun bozulmalaryna getirýän sebäpleriň öňüni almak üçin degişli işleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz kazylaryň we kazyýet işgärleriniň bilim derejesini, hünär ussatlygyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde döwrebap tehniki serişdeleriň giňden ulanylyşy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada aýtdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri netijeli ýerine ýetirmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralar bilen ysnyşykly işlemegiň, edaranyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmagyň möhümdigini belläp, birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew Watanymyzyň serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy, serkerdeleriň, ýaş serhetçileriň hünär endiklerini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň serhetleriniň goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň binýady bolup durýandygyny belledi hem-de gullugyň düzümlerini täze tehnikalar bilen üpjün etmek, degişli maksatnamada kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek meselelerine üns bermegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle hem gullugyň ýolbaşçysyna döwlet serhediniň desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda anyk tabşyryklar berildi.

Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, düzümleýin edaralara sanly ulgamy ornaşdyrmak maksady bilen görlen çäreler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kanun çykaryjylyk işiniň kämilleşdirilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Döwlet Baştutanymyz hukuk ulgamynyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekip, Watanymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrmak boýunça teklipleriň yzygiderli işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryny talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş nokatlarynda ygtybarly gümrük gözegçiligini alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz döwrebap enjamlaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak bilen, gözegçilik-geçiriş nokatlarynda gümrük kadalarynyň bozulmagynyň öňüni almak boýunça işleri has-da güýçlendirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gullugyň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek üçin görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daşary ýurt raýatlarynyň ýurdumyza gelmegini we gitmegini hasaba almagy hemişe berk gözegçilikde saklamagyň, bu ugurda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny berk berjaý etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy raýatsyzlyk meselesi bilen bagly işler boýunça Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan netijeli çäreleriň görülýändigini belledi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna şu ýylyň 8-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edarasy bilen sebitleýin maslahaty guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň jemini jemläp, ýurdumyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň görülýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigi aýdyldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.