Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli moda görkezilişiniň çäginde daşary ýurtly dizaýnerler we ýerli moda öýleri milli däpleri döwrebap biçüwler bilen utgaşdyryp taýýarlan lybaslar toplumyny görkezýärler.
Meşhur fransuz moda öýüni esaslandyryjy we baş hünärmeni Klod Patrik «prêt-porter», ýagny «taýyn köýnek» ýa-da «geýmäge taýyn» uslybyndaky zenan lybaslar toplumyny görkezdi. Geýimler hatary juda nepis iş kostýumlary we «kežual» görnüşinde tikilen lybaslaryny öz içine alýar.
Baş hünärmen moda görkezilişiniň sahnasynyň aňyrsynda Türkmenistan baradaky täsirleri bilen paýlaşdy:
– Bu ýatdan çykmajak çärä gatnaşanym üçin men bagtly. Türkmen medeniýetine galtaşmak we türkmen halkynyň baý mirasyny gorap saklaýan modadan lezzet almak mümkinçiligini bereniňiz üçin sag bolsun aýdýaryn. Meni dizaýner hökmünde ýerli moda öýleriniň hödürleýän ajaýyp lybaslary aýratyn haýran galdyrdy. Gözel ýurduňyza ýene gelmegi we bu ýere täze moda toplumymy getirmegi umyt edýärin.
1969-njy ýylda döredilen «Claude Patrick» kompaniýasy zenanlar üçin ýörgünli lybaslary döretmekde ýöriteleşýär.