Ï Balkan welaýatynda paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet gurjak teatrynyň göçme çykyşlary dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkan welaýatynda paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet gurjak teatrynyň göçme çykyşlary dowam edýär

view-icon 1343
Balkan welaýatynda paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet gurjak teatrynyň göçme çykyşlary dowam edýär

Şu günler paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri ýurdumyzyň Balkan welaýatynda döredijilik saparynda bolup, welaýatyň çar künjeginde özleriniň göçme çykyşlaryny guraýarlar. Ýaş zehinli artistleriň görkezýän gyzykly sahna eserleri-de tomaşaçylara şatlyk paýlap, olaryň şowhunly, dowamly el çarpyşmalary bilen garşylanýar.

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri Balkan welaýatyndaky göçme çykyşlaryny ilki bilen Gyzylarbat şäherinden başladylar. Bu ýerde döredijilik topary şäheriň bilim ojaklarynda çykyş edip, ýaş nesillere ruhy lezzet berdiler.

Ýatda galyjy, ýakymly pursatlara beslenen şeýle çykyşlar häzir Balkanabat şäherinde dowam edýär. Çagalara niýetlenen “Janly gurjaklar” oýny, ulular üçinem “Şadyýan şou” atly gülküli tomaşalar welaýat merkezindäki çagalar baglarynda, mekdeplerinde, şeýle-de Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Balkan welaýat döwlet drama teatrynda bimöçber şatlyk- şowhuna eýe bolýar. Munuň özi, artistleriň zähmetiniň ýerine düşendigine aýdyň şaýatlyk edýär.

– Biz welaýatyň kenarýaka Türkmenbaşy şäherinde hem gastrolda bolup, birnäçe günläp sahna oýunlarymyz bilen çykyş ederis. Welaýatyň teatr muşdaklarynyň hoşallyklary bolsa teatrymyzyň artistlerini täze eserler döretmäge, şonuň ýaly-da mundan beýlägem hasam döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar diýip, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň baş administratory Allaguly Gurbanow gürrüň berdi.