Ï Astrahanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Astrahanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

view-icon 985
Astrahanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Russiýa federasiýasyndaky Konsullygynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Astrahan muzeý-goraghanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

«Türkmen halkynyň medeniýeti, urp-adatlary we däp-dessurlary» atly geçirilen bu çärä milli medeni jemgyýetleriň, ylmy we döredijilik jemgyýetçiliginiň, bilim we medeniýet edaralarynyň wekilleri, taryhçy-etnograflar, ülkäni öwrenijiler, arhiw işgärleri, ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň mugallymlary hem-de türkmen talyplar gatnaşdylar.

Tegelek stoluň çäklerinde ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşinde hem-de halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkemeginde möhüm orun eýeleýän döwletara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy babatda türkmen halk medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Astrahanly türkmenleriň däp-dessurlaryna we ýaşaýyş-durmuşyna bagyşlanan çykyşlar beýan edildi.

Ýerli türkmenleriň we beýleki türki halklaryň medeniýetini we däp-dessurlaryny açyp görkezýän sergi myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi. Ekspozisiýada sungat eserleri, milli egin-eşikler we şaý-sepler görkezildi.