Ï Sahnada P.I.Çaýkowskiniň eserleri ýaňlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sahnada P.I.Çaýkowskiniň eserleri ýaňlandy

view-icon 704
Sahnada P.I.Çaýkowskiniň eserleri ýaňlandy
Sahnada P.I.Çaýkowskiniň eserleri ýaňlandy
Sahnada P.I.Çaýkowskiniň eserleri ýaňlandy
Sahnada P.I.Çaýkowskiniň eserleri ýaňlandy
Sahnada P.I.Çaýkowskiniň eserleri ýaňlandy
Sahnada P.I.Çaýkowskiniň eserleri ýaňlandy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Şu ýyl beýik rus kompozitory Pýotr Iliç Çaýkowskiniň doglan gününiň 185 ýyllygy bellenilýär.

Pýotr Çaýkowskiniň maşgalasynda ussat sazandalar ýokdy, şonuň üçin ol ene-atasynyň islegi bilen hukuk bilimini aldy. Ýöne 15-18 ýaşynda şol wagtky meşhur pianinoçy R.Kýundingerden sapak alyp başlady. Ýeri gelende aýtsak, pianinoçy geljekki kompozitoryň ukyplaryna ýokary baha bermändi. Mugallym ýakyn wagtda bütin dünýäniň öz şägirdine el çarpjakdygyny göz öňüne-de getirip bilmedi.

Pýotr Çaýkowskiý «Ýewgeniý Onegin», «Garahal zenan» we «Iolanta» ýaly operalar bilen birlikde sekiz operany adamzada miras galdyrdy. Kompozitoryň derejesi pes diýip «Woýewoda» we «Undine» atly ýene iki operany ýok edendigi mälimdir. Çaýkowskiý operalardan başga-da, balet dramaturgiýasynda işledi – Ol «Guw köli», «Ukudaky gözel», «Şelkunçik» baletlerini döretdi. Kompozitoryň alty simfoniýasy dünýäniň saz eserleriniň naýbaşylary hasaplanylýar. Inçe psiholog hökmünde adamyň içki dünýäsini liriki oýlardan has çuňňur tragediýa çenli açmagy başardy.

Nusgawy saz muşdaklarynyň ençemesi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna Pýotr Çaýkowskä bagyşlanan agşama geldiler.

Kamera ansambly kafedrasynyň hünärmenleri konsertde Çaýkowskiniň döredijiliginiň ähli ugurlaryny görkezmegi başardylar. Konsert Arzygül Gylyjowanyň ýerine ýetiren «Oprichnik» operasyndan Natalýanyň ariozosy bilen açyldy. Aýdymçylar iki gezek «Garahal zenan» operasyna ýüzlendiler – Tomskiniň balladasynda we Hermann ariozo üç kartyň syry açylýar. Ýerine ýetirijiler: Amangeldi Amanow we Begenç Moşiýew. «Ýewgeniý Onegin» operasy hem konsertde iki gezek ýerine ýetirildi. Bahar Durdyýewa Tatýana bolup öz hatynda Onegine söýgüsini beýan etdi.

Seýran Atanyýazow Leopold Auer tarapyndan ýerine ýetirilen skripka üçin Lenskiniň ariozosynyň üýtgeşik ýerine ýetirdi. Tomaşaçylar Seýranyň çykyşyny dykgatly diňlediler.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow Çaýkowskiniň meşhur «Pasyllar» atly eserini ýerine ýetirdi. Martyň ýeňiljek sazyndan soň iýunyň gamgyn sazy, noýabryň üç at goşulan çalt paýtunly sazy ýaňlandy, dekabryň Swýatkidäki köpçülik gezenelçleri beýan edildi.

Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitgulyýewa we Meýlis Myratgeldiýew Çaýkowskiniň romanslarynda rus ruhuny tomaşaçylara ýetirdiler.

Konsert Skripka üçin konsertiň 2-nji we 3-nji bölümleri ýerine ýetiren Aýbölek Muhyýewanyň çykyşy bilen tamamlandy.