Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ine, indi bir asyra golaý wagt bäri ýurdumyzyň ýaşlary üçin bilimdir medeniýetiň hakyky şamçyragy bolup gelýär. Şu günler özüniň 90 ýyllyk toýuny buýsanç bilen belleýän kitaphana çagalar edebiýatynyň milli hazynasy we mekdep okuwçylarynyň hem mekdep ýaşyna ýetmedik çagalaryň köp nesli üçin iň söýgüli ýerdigini tassyklaýar.
Bu möhüm sene mynasybetli kitaphanada «Çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek» at bilen maslahat geçirildi. Bu çärä paýtagtyň we Mary, Balkan, Daşoguz hem Lebap welaýatlarynyň sebit kitaphanalarynyň öňdebaryjy hünärmenleri, şeýle hem Türkmenistanyň tanymal ýazyjylary, şahyrlary we sungat işgärleri gatnaşdy.
Maslahata gatnaşanlar gymmatly tejribe alyşdylar, şeýle hem häzirki taslamalary we geljek üçin meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Ýaş nesli kitap okamaga höweslendirmegiň we kitaphanalara çekmegiň täze usullaryny tapmaklyga, şeýle hem olaryň bilim we medeni zerurlyklaryny hemmetaraplaýyn kanagatlandyrmaga aýratyn üns berildi.
Baýram aýdym-sazly döredijilik duşuşygy bilen dowam etdirildi, bu ýerde ýaş zehinler we kitaphananyň myhmanlary tomaşaçylara tolgundyryjy aýdymlary, goşgulary hem-de mähirli gutlag çykyşlaryny bagyş etdiler. Dabaranyň ahyrynda kitaphanaçylaryň möhüm zähmetini ykrar etme hökmünde ilkinji kärdeşler arkalaşygy guramasy we Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda çagalar edebiýatynyň 270 müňden gowrak neşiri öz içine alýan, hakykatdanam bahasyna ýetip bolmajak ýygyndysy bar. Bu dürlülik diňe bir kitaplary däl, eýsem, žurnallary, gazetleri, ses ýazgylaryny we türkmen, rus hem dünýäniň beýleki dillerindäki neşirleri-de öz içine alýar. Ýygyndynyň üsti her ýyl takmynan 3000 gymmatly neşir bilen doldurylýar. Kitaphananyň aýratyn hazynalarynyň arasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary has aýawly saklanýar.
Döwür bilen deň gadam urýan kitaphana häzirki zaman tehnologiýalaryny-da işjeň ulanýar. 2016-njy ýyldan bäri bitewi elektron kitaphana ulgamy üstünlikli işleýär, kitaphananyň öz resmi saýty bolsa ýaş okyjylar we olaryň ene-atalary üçin maglumatdyr bilim dünýäsine gapylaryny açýar.
Hyzmatyň has amatly bolmagy üçin, BEKU-Bitevi elektron kitaphana ulgamy girizilipdir. Bu ulgam okyjylara baý ýygyndylardan baş çykarmaga we özüňi gyzyklandyrýan edebiýaty çalt tapmaga kömek edýän elektron kataloglardyr kartoçkalary öz içine alýar. Katalog ulgamy iki görnüşde berlipdir: elipbiý we mowzuk.
Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň 90 ýyllygy diňe bir möhüm sene bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň ýaş neslini terbiýelemekde onuň ýitmejek ähmiýetiniň we möhüm ornunyň subutnamasydyr.