Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen konsert «Üçburç hatlar» aýdymy bilen açyldy. Ony Aşgabat şäherindäki 4-nji sazçylyk mekdebiň «Saýrak bilbiller» çagalar hory we konserwatoriýanyň kamera orkestri ýerine ýetirdiler. Watançy esgerleriň geýimini geýen oglanjyklar we gyzjagazlar frontçularyň portretlerini göterip ölmez-ýitmez polkuň ýörişinde aýdymyň her sözüne front bilen tylyň bütewiliginiň belent manysyny berdiler.
Uly zal şol agşam adamalardan doludy. Tomaşaçylar aýdymyň sözlerini tolgunma bilen diňlediler. Öýünde frontdan gelen seýrek hatlary saklaýanlaryň käbiri bolsa has-da tolgunýardy.
Uruş ýyllarynyň aýdymlary diýseň tolgundyryjy. Olaryň käbiri parahatçylyk döwründe döredildi, ýöne muňa garamazdan, olary adamlar hemişe gowy görýärler. Ýeňiş gününe bagyşlanýan konsertlerde «Maý walsy», «Katýuşa» we «Mawy ýaglyk» ýaly aýdymlar hökman aýdylýar. Bu aýdymlary Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileri Bahar Durdyýewa, Döwran Şammyýew, Mansur Şaripow, Tazegül Baýramowa we Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew ýerine ýetirdiler.
Aýlar Sarkowanyň, Näzli Pirgulyýewanyň we Allaberdi Nowruzowyň frontdan gelen hatlary okan pursatlary bolsa, konsertiň iň täsirli pursatlarynyň biri boldy. Olaryň hersi hatlary tolgundyryjy äheňde okadylar, soňra bolsa harbylar ýaly hatara düzülip sahnadan gitdiler.
Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew Nury Halmämmedowyň we Suhan Tüýliýewiň «Maňa seniň gözleriňden gitme ýok» we « Uruşdan gelmedik agam» aýdymlaryny ýerine ýetirdi.
Türkmenistanyň Döwlet hory «Şol beýik ýyllara sarpa goýalyň» aýdymyny dabaraly ýerine ýetirende tomaşaçylar aýdymyň manysyna duýgudaşlygynyň beýany hökmünde ör turdular.
Aýdymçylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde konserti jemlän «Ýeňiş güni» aýdymy hemişe bolşy ýaly, diňleýjileriň ýüregini elendirdi. Tomaşaçylaryň köpüsi ony aýdymçylara ses goşup aýtdylar.
Bu agşam tomaşaçylara güýçli täsir etdi, ata-babalarymyzyň gahrymançylygy bilen ençeme ýyl bäri parahat durmuş üçin hoşallyk duýgusyny döretdi.
TMK-nyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň hünärmeni Ýekaterina Darçiýa konsertiň guramaçysy boldy. Konserte Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dördünji ýyl talyby Kowus Bäşimowyň ýolbaşçylygynda konserwatoriýanyň kamera orkestri sazandarlyk etdi.