Ï “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

view-icon 3557
“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

2025-nji ýylyň 24-nji maýynda Pekin şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Bu gezekki duşuşygyň gün tertibine şu ýylyň iýunynda Astana şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň döwlet baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alnyp maslahatlaşmak girizildi.

Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary öňde boljak sammitiň deslapky gün tertibine tekliplerini berdiler hem-de bilelikdäki jemleýji resminamalaryň taslamalaryna garadylar.

Taraplaryň umumy pikirine görä, nobatdaky sammitiň geçirilmegi sebitde durnukly ösüşi, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen döwletara hyzmatdaşlygy üçin açyk hem-de konstruktiw meýdança hökmünde “MA – Hytaý” formatynyň barha artýan ornuny görkezýän möhüm waka bolar.