Türkmen-özbek kinoçylarynyň bilelikde düşüren «Magtymguly Pyragy» çeper filmi Londonda geçirilen Ýewraziýa döredijilik gildiýasynyň abraýly halkara film festiwalynda (ÝDG film festiwaly-2025) baýrak aldy. Film gözden geçirilişiň «Tomaşaçylar baýragy» bölüminde bellendi.
Özbegistanyň Kinematografiýa guramasy we Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan durmuşa geçirilen bu uly taslama halklar arasynda däp bolup gelýän dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanýandygyny alamatlandyrmak bilen, kino sungaty pudagynda barha çuňlaşýan hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly boldy.
Režissýor Muzaffarhon Erkinow şahyrana bäsleşik ýagdaýyny we şol döwrüň gündelik durmuşyny tomaşaçynyň aňyna ussatlyk bilen ýetiripdir. Film Buharanyň we Hywanyň taryhy ýerlerinde surata düşürildi. Tebigy görnüşler we türkmen aktýorlarynyň – Magtymguly Pyragynyň keşbini ýerine ýetiren Ahmet Amandurdyýewiň, şahyryň kakasy Döwletmämmet Azadynyň keşbinde çykyş eden Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýewiň ussatlygyna emin agzalary we tomaşaçylar tarapyndan ýokary baha berildi.
2024-nji ýylyň güýzünde filmiň Aşgabatda geçirilen IV Gorkut ata halkara film festiwalynyň «Iň gowy çeper film» diýen bölüminde baş baýraga mynasyp bolandygyny we režissýor Muzaffarhon Erkinow bilen Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýewiň ýadygärlik heýkeljikleri bilen sylaglanandygyny ýatladýarys.
Ýokary ruhy gymmatlyklara, baý medeni mirasa we ynsanperwer düşünjelere esaslanan bu film daşary ýurtly tomaşaçylarda-da seslenme tapdy.
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň surata düşüren «Kitap» atly täze filmi Bişkekde görkeziler. Režissýor Hekim Alowowyň bu filmi 11–15-nji iýunda geçiriljek III Halkara film festiwalyna gatnaşar. Festiwala gatnaşmak türkmen kinematografiýasynyň barha artýan kuwwatyny we sebitiň medeni alyş-çalşynda möhüm ornuny görkezýär.