Gündogaryň beýik akyldarlary adamyň bilim almagynyň we alnan bilimi durmuşda ulanmagyň möhümdigini belläpdirler. Ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni dabaralar bilen bellenýär.
Bu senäniň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ylym – adamyň baýlygy» atly sergi açyldy. Ol, esasan, tebigy ylymlar bilen baglanyşykly resminamalaýyn suratly maglumatlardan, şeýle hem seýrek arheologik we geologik tapyndylardan ybaratdy.
Sergä ilkinji gelenleriň arasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory Nurýagdy Suhanow, Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy Azat Annaýew, şeýle hem Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri şahyr Oguljemal Çaryýewa dagylar bardy. Olar sergide geologlaryň ýurdumyzyň çäginde tapan mineral nusgalaryny gyzyklanma bilen gözden geçirdiler. Olaryň arasynda hek daşy, mermer oniksi, halsedon (kwarsyň bir görnüşi), kükürt, selestin, angidrit, ýagny kükürtturşy kalsiý we beýleki minerallar bar.
Sergä gelenleri hemmeden beter haýran galdyran zat paleontologiýa degişli gadymy haýwanlaryň daşa öwrülen galyndylary boldy. Bular ammonitler, çaňňalaklar, deňiz kirpileridi. Arheologik tapyndylardan 1972-nji ýylda Altyndepede geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan altyndan ýasalan öküz kellesi aýratyn ünsi çekdi.
Ylymlar gününe bagyşlanan serginiň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň kaşaň binasynyň suraty bilen tamamlanmagy bellärliklidir. Onuň ýanynda türkmen alymlarynyň dürli ylmy işleri barada ýazylan kitaplar bar. «Ylym we tehnika» döwürleýin žurnalynyň 2025-nji ýyldaky ilkinji sany-da şolaryň arasynda ýer alypdyr.
Şeýle hem sergide ýurdumyzda ylmyň ösmegine möhüm goşant goşan görnükli türkmen alymlarynyň suratlary ýerleşdirilipdir.