Ï Türkmenistanyň we Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

view-icon 1722
Türkmenistanyň we Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hanym Folile Şakantunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.