Ï Türkmenistanyň we Günorta Sudanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Günorta Sudanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

view-icon 2565
Türkmenistanyň we Günorta Sudanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Günorta Sudan Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Mondeý Simaýa Kumbanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlygy ara alyp maslahatlaşdylar.