Ï Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 2830
Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi.

Şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) Özbegistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.