Ï ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna kitaplary sowgat berdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna kitaplary sowgat berdi

view-icon 4517
ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna kitaplary sowgat berdi

24-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda açylan türkmen-amerikan kitap ýarmarkasynda bilim, medeniýet we iňlis dilini öwrenmek boýunça kitaplar görkezildi.

Ýarmarka gelen ýaş kitap söýüjiler we olaryň ene-atalary dessine bilim we edebiýat dünýäsi bilen tanyş boldular. Her bir myhmana öz bilim derejesini barlamak üçin sowal berildi, oňa dogry jogap berenler islän kitaplaryny sowgat hökmünde alyp bildiler.

Ýarmarkanyň guramaçylary kitap diwarlyklary bilen tanyşlykdan soňra, myhmanlar bilen iňlis dilinde söhbetdeşlik geçirip, amerikan jemgyýetiniň mirasy baradaky bilimlerini synap görmek mümkinçiligini döredip, çäräni has-da gyzyklandyrdylar.

Döwlet kitaphanasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Laçyn Nurmuhamhamowa kitap ýarmarkasynyň açylyşynda çykyş etdi. Ol kitaphananyň ýaşlaryň ruhy we ahlak terbiýesinde möhüm orun eýeleýändigini belläp geçdi, şeýle-de kitaphana ulgamynyň ösüşi we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyk barada gürrüň berdi.

Soňra ýygnananlara ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de ABŞ-nyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan çäräniň möhümdigini belläp geçdi. Ilçi kitap okamagyň adamyň dünýägaraýşyny giňeldýändigini, pikirleniş ukybyny ösdürýändigini hem-de ruhlandyrýandygyny nygtady.

Elizabet Rud Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna, şeýle-de ýurduň Medeniýet we Daşary işler ministrliklerine çäräni geçirmäge goldaw berendikleri üçin hoşallygyny bildirdi. Çykyşynyň ahyrynda bolsa ol kitaphana sowgat hökmünde ençeme kitaby gowşurýandygyny hem aýtdy.

Sowgat berlen kitaplar iňlis dilinde neşir edilen hem bolsa, olaryň türkmen dilindäki terjimeleri hem bar. Bu bolsa daşary ýurt dilini öwrenýän we ony kämilleşdirýän ýaşlar üçin örän amatlydyr.