2025-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Pekin jarnamasynyň we Hereketleriň platformasynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň ýerine ýetirilmegine çenli 5 ýyl: Merkezi Aziýanyň geljegi» atly ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşdy.
2025-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Ronni Prasetýo Ýuliantoro bilen duşuşyk geçirdi.
2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Nagaşima Akihisanyň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Duşanbe şäherinde «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki Owganystan boýunça ýörite wekilleriň altynjy duşuşygy geçirildi.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda «Materiallaryň garşylyk görkezmek ukyby» dersi boýunça IV Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirer.