16.12.2022
5052
Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki dolandyryş komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi
2022-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda gibrid görnüinde, 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki dolandyryş komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
16.12.2022
5443
Ispaniýanyň «Atresmedia» media-topary Türkmenistan baradaky filmi döretmek işlerini dowam etdirýär
Ispaniýanyň döredijilik topary ýurdumyzyň taryhy gözel ýerlerine baryp, türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary baradaky maglumatlary ýygnadylar. Döwletimiziň häzirki döwrüni şöhlelendirmek üçin hem degişli işler alnyp barylýar. Görkeziljek filmde ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleri, ak mermere beslenen Aşgabadyň ösüşi we özgerişleri görkeziler. Ýakynda telewizion taslamanyň çäginde «Atresmedia Television» media-topary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna baryp gördüler.
15.12.2022
4151
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady.
15.12.2022
3628
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
15.12.2022
3567
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
15.12.2022
2799
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy bilen gutlaýaryn.
15.12.2022
17235
Ýurdumyzyň Täze ýyl baş arçasynyň yşyklary nur saçdy
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Bu dabara, adatça, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär.
15.12.2022
12361
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň IV gurultaýy
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdaky IV gurultaýy geçirildi.
15.12.2022
7781
Türkmen talyplary COVID-19 ugry boýunça bilimlerini görkezdiler
"Türkmenistanda COVID-19-yň öz wagtynda ýüze çykarmak" taslamasynyň çäklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň guramagynda Türkmenistanyň talyplarynyň arasynda bäsleşik geçirildi.
15.12.2022
5040
Türkmenistan ulag ulgamynda köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürýär
Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Birinji üçtaraplaýyn sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow üç doganlyk döwletiň serişde, geografiýa we tehnologik mümkinçiliklerini bilelikde ulanmak olaryň diňe bir milli ykdysadyýetiniň ösmegine ýardam etmän, eýsem Ýewraziýanyň tutuş geoykdysady düzüminiň üstüni täze döredijilikli ugurlar bilen artdyrmaga we hil taýdan baýlaşdyrmaga hem mümkinçilik berjekdigini nygtady. Şunda ulag ulgamy aýratyn orun eýeläp biler. Bu ulgamda ysnyşykly üçtaraplaýyn gatnaşyklar Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda üstaşyr ulag geçelgelerini döretmegiň bilelikdäki strategiýasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.