05.05.2022
7439
Halkymyzyň abadançylygy baradaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr
Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 29-njy aprelde geçirilen mejlisinde tomus möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini nazara alyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän tomus möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen ýerinde tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady.
05.05.2022
11513
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty hakynda Düzgünnama tassyklanyldy
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.
05.05.2022
6837
Mekdebiň 85 ýyllygyna bagyşlanan konsert
Türkmenistanyň Nebit-gaz toplumynyň Aşgabat şäherindäki Medeniýet we işewürlik merkezinde 1-nji çagalar aýdym-saz mekdebiniň 85 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Bu çärä ýaş zehinleriň ýüzden gowragy gatnaşdy.
05.05.2022
10367
Aýdym-saz mekdebinde “Bahar nagmalary”
Şu ýyl Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna 50 ýyl dolýar. Bu dabaraly sene mynasybetli birnäçe çäre geçirilýär, şolaryň biri-de Ýörite aýdym-saz mekdebiniň uly zalynda ýerine ýetirilen “Bahar nagmalary” konserti boldy. Sazly agşamyň maksatnamasyny dürli ýyllarda TMK-da ýokary bilim alan türkmen kompozitorlarynyň eserleri düzýärdi.
05.05.2022
9541
NCUMC-2022: Türkmenistanly talyplaryň 15-si ýeňiji boldy we 48-si baýrakly orunlary eýelediler
Türkmen talyplary Sankt-Peterburgyň informasiýa tehnologiýalary, mehanika we optika milli barlaglar uniwersitetinde (ITMO Uniwersiteti) geçirilen Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň VIII Matematika olimpiadasynda (NCUMC-2022) gowy netije gazandylar.
05.05.2022
15791
Iňlis dili dersi boýunça halkara internet olimpiadasy geçiriler
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak we ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň 17-nji maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda iňlis dili dersi boýunça I halkara internet olimpiadasy geçiriler.
05.05.2022
7914
«Konserwatoriýanyň zehinleri – 2022» bäsleşiginiň ýeňijileriniň konserti
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi guramagynda talyp ýaşlarynyň arasynda «Parahatçylyk sazy, dosluk, doganlyk sazy» şygar astynda «Konserwatoriýanyň zehinleri – 2022» atly bäsleşigi geçirildi.
04.05.2022
8193
Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersoga Ysraýyl Döwletiniň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
04.05.2022
6128
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakalany kabul etdi.
04.05.2022
5148
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar Tažibaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.