mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

31.08.2021

total-veiw

7103

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Harby atlary dakmak hakynda

Mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşantlary üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, karar edýärin:

31.08.2021

total-veiw

4869

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň döşe dakylýan nyşanyň Düzgünnamasyny, ýazgysyny we nusgasyny tassyklady

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň döşe dakylýan nyşanyny gowşurmagyň we ony dakynmagyň tertibini hukuk taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli nyşanyň Düzgünnamasy, ýazgysy we nusgasy tassyklandy.

31.08.2021

total-veiw

5896

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda gurlan orta mekdebe Annak Sähetmyradowyň adyny dakmak hakynda

news-photo

31.08.2021

total-veiw

6937

Ýuriý Şkuriniň taryhy surat kyssasy

Gazet, ilkinji nobatda, onuň indiki sanynyň üstünde işleýän adamlar: baş redaktor, galamgärler, surat habarçylary, ýalňyş düzedijiler, harp ýygyjylar we beýlekilerdir. Adatça, olaryň iş gününiň belli bir wagt tertibi ýokdur, olar, hatda şenbe we ýekşenbe günlerini hem işe bagyşlaýarlar. Köplenç ýurtda bolup geçýän wakalaryň öň hatarynda bolýarlar. Islendik pursatda täze tabşyryga gitmäge taýyndyrlar. «Türkmenistan» gazetiniň aksakgaly, fotohabarçy Ýuriý Iwanowiç Şkurin şunuň ýaly berk düzgün-nyzamda laýyk 44 ýyl işledi.

news-photo

31.08.2021

total-veiw

4711

Türkmenistan GGN-larynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmek babatda owgan tarapy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Türkmenistanyň degişli pudaklaýyn dolandyryş we harby edaralarynyň wekilleri Owganystanyň Farýab welaýatynyň ygtyýarlandyrylan wekilleri, hususan-da, Andhoý, Hançarbag, Gurgan etraplarynyň häkimleri hem-de Akina gümrük nokadynyň başlygy bilen duşuşdylar, diýip DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

news-photo

31.08.2021

total-veiw

11927

Täze mekdepler we bilimiň täze ugurlary

1-nji sentýabrda mekdep okuwçylary, şeýle hem birinji synp okuwçylary üçin täze okuw ýylynyň başlanandygynyň alamaty bolan ilkinji jaň ýaňlandy.

news-photo

31.08.2021

total-veiw

6295

Türkmenistan Owganystandaky «Аkina-Аndhoý» demir ýol bölegindäki gurluşyk işleri gaýtadan dikeltdi

Owganystandaky «Аkina-Аndhoý» demir ýol bölegindäki gurluşyk işleri gaýtadan dikeldildi, diýip DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

news-photo

31.08.2021

total-veiw

4107

Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Awstriýa Respublikasynyň wekilleri Owganystandaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle-de migrasiýa meselelerine jogapkär guramalarynyň wekilleriniň owgan meselesi boýunça onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi, diýip DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

news-photo

30.08.2021

total-veiw

5714

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

30.08.2021

total-veiw

6478

Döwlet Baştutanymyz Awaza etrabynyň häkimini çalyşdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminalary laýyklyda, Annamämmedowi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerinden boşadyldy.

...3342