02.07.2021
5309
Resmi habarlar
Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini mineral dökünler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine 140 müň tonna ammiak selitra dökünini satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň “Uzkimyoimpeks” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
02.07.2021
5986
Türkmenistanyň energetika ministri GDA-nyň Elektroenergetika Geňeşiniň wise-prezidentligine saýlanyldy
GDA ýurtlarynyň Elektroenergetika Geňeşiniň (EEG) wideomaslahat görnüşinde geçirilen nobatdan daşary geňeşine Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de milli elektroenergetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
02.07.2021
8629
Nyýazmyrat Dowodow zähmet we harby edermenligi wasp edýän suratkeşdir
1935-nji ýylda 14 ýaşly ýigdekçe Nyýazmyrat Dowodow Türkmen çeperçilik tehnikumynyň bosagasyndan ätledi – onuň roýalda saz çalmak höwesi bardy. Ýaldyrap duran äpet gural akly-garaly düwmeleri bilen ony özüne çekýärdi. Nyýazmyrat Dowodowyň aşa zähmetsöýerligi ondan ajaýyp sazanda çykjagyna kepildi, emma durmuş başga hörpden gopdy. Tehnikumda ol Gündogar sungatynyň öňdebaryjy mekdebiniň uçurymy suratkeş Sergeý Beglýarowa duşup, onuň eserleri bilen tanşandan soň, sözüň doly manysynda surat çekmegiň ölemen aşygy boldy.
02.07.2021
39218
Türkmeniň uçar ganaty – bedew
At türkmen üçin maddy hem ruhy baýlyk saýylypdyr. Hawa, bedew barjamlylykdan, gurplulykdan nyşan bolsa-da, oňa haryt-mal hökmünde garalmandyr, çünki asyllylygyň, wepanyň, dostlugyň bahasy ýok ahyry. Ady äleme dolan türkmen bedewlerinde hut şeýle ajap sypatlar jemlenen. Haýwanlaryň arasynda abraý-derejesi babatda ýolbarsa haýwanlar şasy diýilse, adamlar ahal-teke atlaryna «asman şasy» ýa-da «behişdi bedew» diýip, ony has arşa çykarypdyrlar. Aslynda ynsan atyna şeýle baha berip, ony öz derejesine göteripdir. Adamda üşük bar. Ol atda-da barmyka?
02.07.2021
6375
Täze kärhana gurulýar
Daşoguz şäherinde suw emulsiýaly reňk we kafel ýelimini öndürjek hususy kärhananyň gurluşygy başlandy.
01.07.2021
5959
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de bu edaralaryň ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, döwlet emlägine, şol sanda maddy serişdelere gözegçilik etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly we beýleki meselelere garaldy.
01.07.2021
2765
Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri doglan güni bilen gutlaýarlar
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň adyndan we hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen gutlaýaryn.
01.07.2021
12363
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, karar edýärin:
01.07.2021
4165
«Türkmen Ýyldyzy» HK energiýa kiçi beketlere hyzmat edýär we sim çykarmagy özleşdirdi
Lebap welaýatynda ýerleşýän elektrik energetikasy desgalaryny gurmaga, olara tehniki hyzmat etmäge we abatlamaga ýörüteleşen «Türkmen Ýyldyzy» hususy kärhanasy Lebapda gurulýan elektrik bekediniň 110/220 кВ açyk bölüji enjamyny sazlamagy hem-de elektrotehniki önümleri çykarmak boýunça öz önümçilik binýadynyň gurluşygyny tamamlady.
01.07.2021
12197
Zergär zenan
Zergärçilik XXI asyrda-da ähmiýetini ýitirmedik gadymy kärleriň biri. Häzirki wagtda dalaşgärleriň ençemesi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty bölümine okuwa girmegi arzuw edýär. Onuň zergärçilik bölüminde oglanlar bilen birlikde gyzlaram okaýarlar. Ýylsaýy gyzlaryň sanynyň artýandygyny bellemek gerek.