20.05.2021
10427
Daşary ýurt artistleriniň Aşgabadyň ýubileýine bagyşlanan aýdymlary
Şu gün “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň ýanynda paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna bagyşlanan halkara döredijilik dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň meşhur aýdymçylary gatnaşdylar.
20.05.2021
5362
Döwlet Baştutanymyz tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda baryp gördi we iri gurluşyklary dikuçardan synlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan iň döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdy hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen onuň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça pikir alyşdy. Şeýle hem dikuçardan birnäçe iri desgalaryň gurluşyk işleriniň barşyny synlady.
20.05.2021
3428
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Şu gün Söwda-senagat edarasynda geçirilen, Aşgabadyň dostlaşan we doganlaşan şäherleriniň ýolbaşçylarynyň halkara wideomaslahaty şanly senä — türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygyna bagyşlanyldy. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly geçirilen baýramçylyk forumyna dünýäniň dürli döwletleriniň — goňşy hem-de beýleki sebitleriň paýtagtlarynyň we şäherleriniň dolandyryş düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
20.05.2021
4206
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
20.05.2021
5388
“Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat” döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi
Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň maslahatlar zalynda paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan “Arkadagyň ak şäheri Aşgabat” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
20.05.2021
2101
Waldaý» çekişme toparyna gatnaşýanlar Merkezi Aziýa meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar
Şu gün Kazanda «Waldaý» çekişme toparyň «Russiýa we Merkezi Aziýa täze dünýäniň kynçylyklarynyň garşysynda – geljege bilelikdäki ýol» temasyndan iki günlük Merkezi Aziýa bagyşlanan maslahaty açylar.
20.05.2021
11561
Aşgabadyň taryhynyň çeper beýany: geçmişden - geljege uzaýan nazar
Türkmenistanyň çeperçilik Akademiýasynyň galereýasynda paýtagtyň 140 ýyllygyna bagyşlanan sergi-bäsleşigi açyldy. Ýaş binagärler, suratkeşler, dizaýnerler we fotosuratçylar bu sergini görmäge gelenlere özleriniň türkmen paýtagtyna söýgülerini, onuň baý taryhy geçmişine goýýan hormat-sylaglaryny wasp edýän eserlerini hödürlediler.
20.05.2021
2731
Türkmenistan Hazar sebitiniň innowasion ösüş maslahatyna gatnaşar
26 – 28-nji maý aralygynda Astrahanda «Hazar 2021: durnukly ösüş ýollary» atly Halkara ylmy forum geçiriler.
20.05.2021
7195
Magtymguly adyndaky teatrda kamera sazlary ýaňlandy
20-nji maýda Magtymguly adyndaky sazly drama teatrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlar topary Antonin Dwožagyň, Ýogannes Bramsyň we Ernst Blohuň eserleriniň saz agşamyny gurnadylar.
20.05.2021
7671
Buýan galyndylaryndan işjeňleşdirilen kömür: daşary ýurt önüminiň ornuny tutma we ekologiýa
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlar topary işjeňleşdirilen kömri buýan galyndylaryndan almagyň täze usulyny oýlap tapyp, ony önümçilige girizmegi teklip etdi. Bu ylmy açyş Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň intellektual emläk boýunça Döwlet gullugy tarapyndan resmi hasaba alyndy.