22.12.2023
6527
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine birnäçe resminamalaryň taslamalary we beýleki meseleler girizildi.
22.12.2023
7154
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara topary döredildi
Türkmenistanyň Howa kodeksiniň 71-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň işini kämilleşdirmek we bu ugurda işleriň utgaşykly alnyp barylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara topary döredildi we şu toparyň düzümi, şeýle-de topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
22.12.2023
5410
Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň buýsandyryjy ösüşlere beslenip, ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan günlerinde Nýu-Ýork şäherinden gelip gowşan hoş habar — Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisiniň dowamynda «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent bolmagyny, halkara giňişlikde öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyzyň rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.
22.12.2023
5113
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Size Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni mynasybetli iberen mähirli gutlagyňyz üçin hoşallygymy beýan edýärin hem-de şu mümkinçilikden peýdalanyp, ýetip gelýän 2024-nji ýylda berk jan saglyk, mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa öňegidişlik we rowaçlyk arzuw edýärin.
22.12.2023
6351
Türkmenistan pomidoryň uly tapgyryny eksport etdi
Ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşup, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altyn gala gurluşyk» hususy kärhanasy Russiýa, Gazagystana we Gyrgyzystana pomidor hasylynyň 439 tonnasyny eksport etdi.
22.12.2023
8150
Türkmenistanyň söwda toplumy 2023-nji ýyly üstünlikli tamamlaýar
Türkmenistanyň söwda toplumy 2023-nji ýyly ýokary görkezijiler bilen tamamlaýar. Şu ýylyň 11 aýynda ýurdumyzda bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 2022-nji ýylyň degişli döwründäki görkeziji bilen deňeşdirilende 9,9 göterim ýokarlandy.
22.12.2023
5720
Lebaply oba hojalykçylar sürüm işlerini barha ýaýbaňlandyrýarlar
Tamamlanyp barýan 2023-nji ýyly zähmet üstünliklerine besläp, Watan harmanyna oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny tabşyran Lebap welaýatynyň oba hojalykçylary geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işlerini yhlasly dowam edýärler.
22.12.2023
8827
Türkmenistanyň 2023-nji ýyl futbol kubogy ugrunda «Arkadag» topary bilen «Ahal» topary bäsleşer
«Arkadag» topary bilen «Ahal» toparynyň oýunçylary ähmiýeti boýunça ikinji orunda durýan klub baýragy – Türkmenistanyň kubogy ugrundaky aýgytly oýunda duşuşarlar. Bu Aşgabatda geçirilen ýarym final jogap oýunlarynyň netijeleri boýunça kesgitlendi.
22.12.2023
7195
Aşgabatda daşary ýurt estrada ýyldyzlarynyň konsertleri bolar
Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Aşgabatda daşary ýurtly tanymal ýerine ýetirijiler konsert bilen çykyş ederler. Aýdym-sazly tomaşalaryň ählisi-de Gyşky oýunlar sport toplumynda 18:00-da başlanar.
22.12.2023
9213
Türkmenistanda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 14 ders boýunça geçirilen olimpiadanyň netijeleri jemlendi
Türkmenistanda Bilim ministrliginiň goldawy bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda her ýyl geçirilýän olimpiadanyň netijeleri jemlendi.