12.05.2023
10312
Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary himiýa boýunça 57-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda 4 medal gazandylar
Türkmenistanly mekdep okuwçylar topary Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti (Russiýa Federasiýasy) tarapyndan guralyp, Astanada (Gazagystan Respublikasy) geçirilen himiýa boýunça 57-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda ýurdumyzyň adyna mynasyp netije gazandylar.
12.05.2023
4855
Türkmenistanyň DIM-nde USAID bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew, Aşgabada iş sapary bilen gelen, ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Aziýa býurosynyň Dolandyryjysynyň kömekçisiniň orunbasary Anjali Kaur bilen duşuşdy.
12.05.2023
14571
Türkmenistanda «Daragt» filmi ekrana çykdy
Golaýda Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» atly täze filmi Türkmenistanyň milli telewideniýesinde görkezildi. Mundan başga-da, tanyşdyryş güni köp sanly kino muşdaklaryny ýygnan «Aşgabat» kinoteatrynda onuň premýerasynyň görkezilişi boldy.
12.05.2023
7602
Türkmenistanly kuraş ussatlary Hytaýda geçirilen iki Aziýa ýaryşynda 12 medal gazandy
12 medal – bu, XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň paýtagty Hançžouda (HHR) geçirilen kuraş göreşi bounça türkmenistanly türgenleriň iki Aziýa ýaryşyndaky çykyşlarynyň netijesidir. Ildeşlerimiz sekiz medaly Aziýa çempionatynda gazandy, onda 14 medal ugrunda ýedi erkek we ýedi aýal agram derejesinde 20 ýurtdan 100-den gowrak türgen bäsleşdi.
12.05.2023
6496
Döwletmämmet Ökdirow: hem konsert, hem synag
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda simfonik konsert hem-de orkestr dirižýory hünäriniň 5-nji ýyl talyby Döwletmämmet Ökdirow üçin synag geçirildi.
11.05.2023
5489
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy.
11.05.2023
5072
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Katar Döwletiniň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we doganlyk türkmen halkyna mukaddes Oraza baýramy mynasybetli ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.
11.05.2023
3871
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
11.05.2023
6374
Hökümetara türkmen-wenger toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen Ylalaşygy ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistan bilen Wengriýanyň
11.05.2023
7653
Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegi ugratdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, agramy 125 tonna barabar bolan derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary, azyk we dokma önümleri ýüklenen ynsanperwer kerweni 2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistandan Owganystana ugrady. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.