29.12.2022
41358
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan etmek hakynda
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her güni şanly wakalara hem-de zähmet üstünliklerine beslenýär. Tamamlanyp barýan ýyl Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň geçirilen, Berkarar döwletiň täze eýýamyna gadam basylan we möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, şeýle hem ägirt uly durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň amala aşyrylýan döwri hökmünde taryha girýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryny we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlaryny ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar.
29.12.2022
7429
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ahal welaýatynyň Arkadag şäherindäki binalaryň we desgalaryň açylyş dabarasyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
29.12.2022
5149
Geljek ýylyň bol hasylynyň düýbi tutulýar
Tamamlanyp barýan 2022-nji ýyly zähmet üstünliklerine besläp, Watan harmanyna milli baýlygymyz bolan pagtanyň, esasy azyklyk önümimiz bolan bugdaýyň, şalynyň, şeýle hem beýleki oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny tabşyran Lebap welaýatynyň oba hojalykçylary geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işlerine hem yhlasly girişdiler.
29.12.2022
8485
«Datly şerbet» hususy kärhanasynda täze önümçilik tapgyry işe girizildi
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Täze aý» hojalyk jemgyýetiniň konditer önümlerini öndürýän «Datly şerbet» hususy kärhanasy hem konditer we süýji önümleriniň birnäçe görnüşlerini öndürmekde öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar.
29.12.2022
6993
«Altyn asyr» – Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň sekiz gezek eýesi
Paýtagtymyzyň «Altyn asyr» toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny eýelediler. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary bu üstünligi jemleýji duşuşykda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparyny 3:1 hasabynda utup gazandy.
29.12.2022
7697
Oba hojalykçy alymlaryň döredijilikli zähmeti
Dekabr aýy geçip barýan ýylyň netijeleri jemlenýän we täze wezipeleri ýerine ýetirmäge taýynlyk görülýän wagtdyr. Aýaklap barýan ýylda Türkmenistanyň oba hojalykçy alymlary senagaty çig mal bilen üpjün etmek we ýurdumyzda azyk bolçulygyny ösdürmek ýaly meseleleri çözmäge gönükdirilen önümçilik ugrunda uly işler alyp bardylar.
29.12.2022
19900
«Gyzyl alma» hekaýaty ekranlaşdyryldy
Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda «Gyzyl alma» atly filmiň tanyşdyrylyş dabarasy we ilkinji görkezilişi boldy.
28.12.2022
9375
Paýtagtymyzda baýramçylyk mynasybetli täze binalaryň açylyş dabarasy boldy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günbatar künjeginde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň, umumybilim berýän mekdebiň, çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň we beýleki desgalaryň açylyş dabarasy boldy.
28.12.2022
9832
S.Atajanow Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Sähetdurdy Meretdurdyýewiç Atajanow Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.
28.12.2022
9234
Täze bazar – alyjylara Täze ýyl sowgady
Berkarar Diýarymyzda her bir baýramçylygy, şanly senäni zähmet üstünlikleri, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine, halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna täsir etjek döwrebap desgalaryň, binalaryň açylyş dabaralary bilen utgaşdyrmak ajaýyp däbe öwrüldi. Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary hem ýurdumyza şatlyk – şowhuna, umytlara beslenip gelýän Täze ýylyň öň ýanynda ajaýyp baýramçylyk sowgadyny aldylar. Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşikleriniň Türkmenabat şäherindäki durky düýpli täzelenen Merkezi bazarynyň uly dabaralara beslenip, açylyp ulanylmaga berilmegi diňe bir şäherlileriň däl, eýsem, welaýatyň ähli ilatynyň hem şatlygyna öwrüldi.