09.05.2022
10288
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň gaznasynyň ady üýtgedildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda geçirilýän halkara çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2019-njy ýylda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek bilen bagly Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň gaznasynyň ady üýtgedilip, ol Türkmenistanda halkara çäreleri geçirmegiň gaznasy diýlip atlandyryldy we onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy.
09.05.2022
14945
Tehnologiýalar merkezi elektron resminama dolanşygyny ornaşdyrýar
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Maglumatlar howpsuzlygy we kommunikasiýa tehnologiýalary laboratoriýasynda «E-DOC» Elektron resminama dolanşygy» programmasy işlenilip taýýarlanyldy.
09.05.2022
14350
Howa maglumaty: Bulutly, käwagt ýagyşly howa garaşylýar
Şu hepdäniň bulutly we ýagyşly bolmagyna garaşylýar. Howanyň ortaça temperaturasy +25-30 gradus töweregi bolar.
09.05.2022
10817
«Ýeňiş güni» aýdymyny tomaşaçylar artistler bilen bilelikde aýtdylar
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Ýeňiş gününe bagyşlanyp geçirilen konsert köp adamly boldy.
09.05.2022
8634
Türkmenistanyň UNIDO bilen hyzmatdaşlygy we onuň geljegi
35 ýyl mundan ozal ozon gatlagyny dargadýan maddalar boýunça Monreal protokoly – ozony dargadýan himiki serişdeleri önümçilikden we dolanşykdan aýyrmak arkaly ozon gatlagyny goramak maksady bilen işlenilip taýýarlanylan Wena konwensiýasyna halkara protoky gol çekmäge taýýarlanylypdy.
09.05.2022
9675
Asyrlar jümmüşinden galan monjuklar
«Könürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki gadymy Daşmetjit medresesiniň jaýynda ýerleşen halk senetleri muzeýinde gadymy monjuklaryň ýurtda iň uly kolleksiýasy bar.
08.05.2022
7692
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýeňiş güni adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, nesillerde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny dabaralandyrýan senedir.
08.05.2022
7370
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
08.05.2022
7537
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Inýasio Kassise we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
08.05.2022
4549
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň!