11.04.2022
7700
Aziýanyň Kubogy-2022-de ilkinji ýeňiş
Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndy topary Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilýän Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama bäsleşiginde ýer eýelerini utup, ilkiniji taryhy ýeňşini gazandy. Oýun Bişkek şäherindäki «Gazprom» sport toplumynyň meýdançasynda geçdi we 3:1 hasabynda tammalandy.
11.04.2022
6029
Ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada maglumat
Şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzda üýtgäp durýan bulutly, käbir ýerlerde ygally we az-kem şemally howanyň bolmagyna garaşylýar. Ortaça 30-35 gradus maýyl howa bolar.
11.04.2022
7389
Daşary ýurt işewür toparlarynyň wekilleri awtobenzini, suwuklandyrylan gazy we tekstil önümlerini satyn aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy.
11.04.2022
16762
Daşary ýurt dilindäki täze edebiýatlar
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň düzümine girýän daşary ýurt dillerindäki edebiýat bölüminiň gaznasynyň üsti iňlis dilinde terjime edilen Diýarymyzyň kitap önümleriniň neşirleri bilen ýetirildi.
11.04.2022
11700
Çagalar üçin seýilgäh gurulýar
Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň merkezinde «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan çagalar üçin täzezaman dynç alyş seýilgähiniň gurluşygy alnyp barylýar.
10.04.2022
6581
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlagyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady.
10.04.2022
7559
Türkmenistan — Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär
9-njy aprelde Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, ýurdumyza iş sapary bilen gelen Hökümet Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk bilen duşuşyk geçirildi.
09.04.2022
5619
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman öz ýurdunyň hökümet wekiliýetine baştutanlyk edip, Aşgabada iş sapary bilen geldi.
09.04.2022
7212
2022-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek möhüm halkara çärelere taýýarlyk işleri dowam edýär
2022-nji ýylda eziz Diýarymyzda birnäçe möhüm halkara çäreler geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.
09.04.2022
6611
Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň 2022-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlendi
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlendi.