14.08.2021
5754
Türkmenistan bilen Gazagystan Awazada gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministriň orunbasary we Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi.
14.08.2021
5592
Milli ykdysadyýetleriň täze mümkinçilikleri
Merkezi Azia döwletleriniň Baştutanlarynyň golaýda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Konsultatiw duşuşygynda kabul eden maliýe ulgamyny we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge degişli çözgütleri türkmenistanly senagatçylarda we telekeçilerde işe has yhlasly çemeleşmäge höwes döretdi.
14.08.2021
6875
“Gündogar şöhlesi” HJ-niň täze önümi
Ýurdumyzyň mekdep bazarlaryna topukçaly syýagalamlaryň täze görnüşleri satuwa çykaryldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzasy, Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynda ýerleşýän “Gündogar şöhlesi” hojalyk jemgyýeti gündelik ýazuw işleri üçin niýetlenen durmuş esbaplarynyň köpçülikleýin önümçiligini özleşdirdi. Bu topukçaly syýagalamlaryň geň tarapy olaryň içinde syýadanyň ýoklugydyr. Bu ýazuw esbaby ýasalanda, syýa gönüden-göni onuň göwdesiniň içine guýulýar-da, gapak dakylýar. Bu göwde we gapak kärhanada Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawody tarapyndan öndürilýän polipropilenden ýasalýar. Baha syýasatyndan ugur alsak, täze görnüşli topukçaly syýagalamlar beýlekilerden arzan topara degişlidir. Olaryň lomaý bahasy takmynan 95 teňňe. Hojalyk jemgyýetini esaslandyryjy Kakaly Geldiýewiň aýtmagyna görä, onuň tehnologiýasy, zerur enjamlar we degişli düzüm bölekleri Mumbayda geçirilen sergide hindi öndürijilerinden, ýokary hilli syýa bolsa Germaniýadan satyn alnypdyr.
13.08.2021
6784
Türkiýe Respublikasyna ynsanperwer kömegi iberiler
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerip, Türkiýe Respublikasynda ýangyn sebäpli ejir çekenlere lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Türkiýe Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy. Şeýle hem Daşary işler ministrligi Türkiýe Respublikasyna ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.
13.08.2021
5973
Ussat nakgaşlaryň sergisi
Şekillendiriş sungaty müzeýinde deň-duş nakgaşlaryň ikisiniň – Jumadurdy Bekdurdyýewiň we Robert Hakimowyň işleriniň sergisi açyldy. Olaryň ikisi hem 1941-nji ýylda doglan.
13.08.2021
7568
“Ahal” AFK-2021 kubogy ugrundaky ýaryşyň zolaklaýyn finalyna taýýarlygyny tamamlaýar
“Ahalyň” futbolçylary AFK-2021 kubogy ugrundaky ýaryşyň 25-nji awgustda Özbegistanyň “Nasaf” topary bilen Karşy şäherinde garşydaşyň meýdançasynda geçiriljek zolaklaýyn tamamlaýjy tapgyryna taýýarlygyň çäginde Türkmenistanyň ýaşlar milli ýygyndysy bilen (23 ýaşa çenli) iki synag oýnuny geçirdi.
13.08.2021
7974
Eksport artýar, iş ýerleri döredilýär
Şu ýyl ýurduň telekeçileri tarapyndan döredilen täze ýyladyşhanalarda dört ýüz iş orny döredildi. Oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdiriljek täze jaýlaryň meýdany 35 gektar artdy. Innowasion tehnologiýalar bu meýdanlarda ýylda 11 müň tonnadan gowrak gök önüm ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär.
13.08.2021
7597
«Meniň Watanym» Milli kinofestiwaly işleri kabul edýär
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi «Meniň Watanym» atly çeper-publisistik we hronikal-dokumental filmleriň kinofestiwalyny geçirýändigini yglan edýär.
13.08.2021
5558
Büzmeýin etrabynda ýüzlerçe maşgala jaý toýuny toýlar
Şu ýyl Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda kärhanada taýýarlanan gurluşyk panellerinden gurlan 22 sany dört gatly ýaşaýyş jaýy ulanylyşa berler.
12.08.2021
17866
Mälikguly Berdimuhamedowyň ömri — merdanalygyň nusgalyk mekdebi
Şu gün paýtagtymyzdaky ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminde «Merdanalyk mekdebi» ady bilen dabaraly çäre geçirildi. Ol içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlandy.