21.12.2023
6114
Türkmen alymlary Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna täze kitaplary taýýarladylar
«Ylym» neşirýaty ýakyn wagtda türkmen alymlarynyň nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap taýýarlan kitaplaryny çykarmagy meýilleşdirýär.
20.12.2023
59262
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl
Ýurdumyzda söwda we telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny artdyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» strategik ugurlarynyň biridir.
20.12.2023
7628
2024-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy tassyklanyldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri giňden ýaýmak, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny, ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak we ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň sanawy hem-de olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy.
20.12.2023
4848
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
Sizi we türkmen halkyny ajaýyp baýram — Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, özygtyýarlylyk, hyzmatdaşlyk gymmatlyklaryna berk ygrarlylygyny görkezmegini dowam etdirýär. Bitaraplyk güni ýurduňyzyň goşulyşmazlyk we dünýä giňişliginde netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan syýasaty amala aşyrmagy maksat edinýändigini aýdyň görkezýär.
20.12.2023
6195
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
20.12.2023
7026
«Ahal» topary bürünç medal ugrundaky göreşde «Nebitçi» topary bilen aralygyny ýygjamladýar
«Ahal» toparynyň oýunçylary ýokary liganyň klublarynyň arasynda geçýän Türkmenistanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň wagty üýtgedilen oýnunda Merwden 1:0 hasabynda üstün çykdy. Oýun Marynyň «Sport toplumy» stadionynda bolup geçdi.
20.12.2023
5800
Türkmenistan-Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki komitetiniň 22-nji mejlisi Brýusselde geçirildi
2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki komitetiniň 22-nji mejlisi Brýusselde geçirildi.
20.12.2023
5558
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýar
2023-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
20.12.2023
6104
Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran konwensiýasynyň çäklerindäki taslamalary taýýarlamak baradaky mejlise gatnaşdy
2023-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda Baku şäherinde, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak üçin Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasy) Sekretariatynyň gurnalyşy boýunça resminamalaryň taýýarlanyşyny ara alyp maslahatlaşýan Ýörite bilermenler toparynyň ilkinji mejlisi geçirilýär.
20.12.2023
6330
«Özgertmeleriň waspy» – nusgawy sazlary halaýanlar üçin täze ýyl sowgady
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň ýerine ýetirmeginde nusgawy sazlaryň konserti boldy.